2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Halkara zenanlar güni mynasybetli gözel ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, obadyr şäherlerinde dabaraly, aýdym-sazly çäreler, maslahatlar, bäsleşikler giň orun aldy. Ajaýyp bahar paslynyň ýaraşygy bolan gyz-gelinlerimiziň, zenanlarymyzyň, enelerimiziň bu ajaýyp baýramyna bagyşlanylyp, ýakynda paýtagtymyzyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guralan bu dabaraly maslahata bu gullugyň işgärleri, gyz-gelinler gatnaşdylar. «Bagtyýar eneler — mährem eneler» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, gyz-gelinleriň, zenanlaryň eşretli ýaşaýşy ugrunda alnyp barylýan beýik işleriň waspyny, olara döredilýän mümkinçilikleriň beýanyny öz içine aldy.

Maslahatda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Şöhlegül Mälikgulyýewanyň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Ýazjemal Welliataýewanyň eden çykyşlary has-da täsirli boldy.

Ýurdumyzyň zenanlaryna, enelerimize hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri dabaraly maslahatyň dowamynda ýaňlanyp durdy.

 

Boljan KADYROWA,

Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.