2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ALKYŞA ÝUGRULAN ARZUWLAR

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. «Galkynyş» toý mekanynda TAP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TDP-niň welaýat hem Daşoguz şäher komitetleriniň, «Suraç» toý mekanynda TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda, şu guramalaryň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi. Baýramçylyk gutlaglarynda ata-babalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän zenanlary sarpalamak, mertebesini belent tutmak ýaly asylly ýӧrelgeleriň häzirki bagtyýarlyk dӧwrümizde has-da rowaçlyk tapýandygy ýürek buýsançlaryna garylyp beýan edildi. Şunda Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, kӧp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, kӧp ýyllyk iş tejribesi bolan ӧňdebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, şonuň ýaly-da, olaryň kanuny hukuklarynyň halkara derejesine laýyklaşdyrylmagy, iş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ýaly tutumly işleriň   zenanlar bilen dӧwletiň arasyndaky gatnaşygy has-da pugtalandyrýandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi. Dabaralarda welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň hӧwesjeň aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň, welaýatymyzyň tanymal bagşylarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda mähribanlygyň, ajaýyplygyň, gӧzel dünýäniň baky eýeleriniň waspy ýetirildi. Dabaralaryň dowamynda guramalar işjeň agzalaryna baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdylar.

 

***

Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilýän günlerinde TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler eýwanynda dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda KA-nyň işjeň agzalaryna baýramçylyk mynasybetli hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar we ter gül çemenleri gowşuryldy.

 

“Daşoguz habarlary” gazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.