2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ARKADAG SAHAWATYNYŇ BAÝRAMÇYLYK JOŞGUNY

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylynyň nurana bahary hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlaryndan has-da gӧrk alyp, halkara derejesinde bellenilip geçilýän zenanlar gününiň ajaýyp pursatlaryna ӧwüşgin çaýýar. Olaryň hormatyna guralýan dabaralarda zenan sarpasynyň dӧwlet derejesinde belent tutulýandygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp gürrüňler edilýär. Bu elbetde, eneleriň durmuşynda-da aýratyn mana eýedigi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly çӧzgüdi esasynda sekiz we şondan kӧp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy indi ýylyň-ýylyna bu ajaýyp baýramyň bellenilýän günlerinde ýüzlerçe maşgalalaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar. Asylly däbe gӧrä, şu ýyl hem welaýatymyzdan eneleriň ýüzden gowragy şeýle hormatly ada mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan eneler golaýda gӧzel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän dabara gatnaşmak üçin Daşoguzyň demirýol menzilinden dabaraly ugradyldy. Baýramçylyk joşgunyna gӧwünleri galkynyşa beslenen hormatly adyň eýeleri düýn welaýatymyza gaýdyp geldiler. Şu mynasybetli demirýol menzilinde dabara guralyp, eneler duz-çӧrek bilen garşy alyndy. Olar şol ýerden welaýat merkezindäki Nurmuhammet Andalyp adyndaky dӧwlet sazly-drama teatrynda guralýan baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak üçin ugradylar. Ýol ugruna ýürekleri zamana hoşallykdan hem buýsançdan doly eneler—hormatly adyň eýeleri merkezi şäherimiziň gӧzelliklerini, dӧwrebap ӧsüşlerini ýakyndan synladylar.

Teatryň tomaşaçylar eýwanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli hem-de «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýelerini gutlamak maksady bilen geçirilen dabara edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, mährem eneler, işjeň zenanlar, talyp gyzlar gatnaşdylar. Dabarada TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Dünýä Atajanowa dagy çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zenanlary, kӧp çagaly eneler hakdaky tükeniksiz aladalarynyň buýsandyryjy netijeleri barada joşgunly sӧzlerini beýan etdiler. Ýurdumyzyň bagtyýar geljegi bolan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde enelere mundan beýläk-de tutanýerlilik arzuw edildi.

Garaşylan pursatlar gelip ýetýär. Hormatly adyň eýelerine Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň, ter gül çemenleriniň gowşurylyş dabarasynyň şowhuny degre-daşy gurşap alýar. Durky-düýrmegi bilen buýsanja, maşgala bagtyna, dӧwre ýaraşykly ýaşaýşyň nurana pursatlaryna   beslenen eneler ynsanperwerlikli sahawaty maňlaýlaryna sylyp, kalplarynyň çuňlugyndan gaýdýan iň süýji arzuwlaryny, päk alkyşlaryny çyn ýürekden beýan etdiler. Tolgundyryjy pursatlar dabara gatnaşyjylara uly täsirini ýetirdi. Tükeniksiz el çarpyşmalar ýagşy arzuw-dileglere ulaşyp, ӧzboluşly bitewülige ӧwrüldi.

Dabaranyň dowamy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýasy, baýramçylyk mynasybetli päk arzuwa ýugrulan şirinden-şirin nagmalarynyň belent owazlary bilen utgaşdy.

 

 “Daşoguz habarlary” gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.