2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ÝARYŞLARYŇ JEMI JEMLENDI

Ýakynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda Türkmenistanyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Demokratik partiýanyň Syýasy Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň bilelikde guramagynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» atly şygar astynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Birnäçe gün dowam eden ýaryşda oňa gatnaşýan zenan mugallymlardyr talyp gyzlar sportuň düzzüm, 3x3 basketbol, tanap çekmek, stoluň üstündäki tennis, woleýbol, gandbol, estafeta (4x100), badminton görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen ýaryşlaryň her bir görnüşi ýokary ruhubelentlige beslendi we gyzgalaňly pursatlara baý boldy. Ýokary sport ussatlygyny görkezip, sport görnüşleri boýunça öňdäki orunlary eýeläp, umumy hasap boýunça Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty birinji orna, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty ikinji orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Sport görnüşleri boýunça ýaryşlarda ýeňiji bolan mugallymlara we talyplara eýelän orunlaryna laýyklykda, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýaryşda toparlaýyn ýeňiji bolan ýokary okuw mekdeplerine bolsa kuboklar, Hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,

«Türkmenistan».

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.