2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ŞANLY SENE MYNASYBETLI

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatymyzyň ähli ýerinde aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň kalby joşduryjy çagynda gülden näzik gelingyzlaryň, mähriban eneleriň şanyna toýlanýan ajaýyp baýramyň şagalaňy asuda asmanymyza göterilýär.

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen binada Halkara zenanlar gününe bagyşlanan «Bark urýar baharda gülleriň müşki, bulardan zyýada gözeller keşbi» atly saz-söhbetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi hem-de welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan welaýat derejesindäki baýramçylyk dabarasy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çärelerine utgaşyp, köp öwüşginliligi bilen tapawutlandy. Oňa welaýatymyzyň ähli ýerinden önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň işewür agzalary, mährem eneler hem-de talyp gyzlar gatnaşdy.

Naz-nygmatly toý saçagynyň giňden ýazylmagynda geçirilen dabara bagtyýar zenanlaryň baýramçylyk gutlag çykyşlaryna sazlaşdy. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyzyň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi üçin Arkadag Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bimöçber işleri, döredýän giň şertleri hakda söz açyp, bu gün türkmen aýal-gyzlarynyň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarynda mynasyp zähmet çekýändiklerini hem-de mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine goşant goşýandyklaryny uly buýsanç bilen gürrüň berdiler, şeýle-de özleriniň bagtyýarlygy ugrundaky taýsyz tagallalary üçin milli Liderimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Welaýatyň, şäherdir etraplaryň medeniýet merkezleriniň aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň, sahna ussatlarynyň çykyşlary dabara uly ruhubelentlik we şowhun goşdy. Toý lybasyna beslenen giň zalda ýaňlanan joşgunly aýdym„sazlary, döwrebap öwüşginli tanslary hemmeler dowamly we şowhunly el çarpyşmalar astynda garşylady. Aýdym-saz, tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda bagtyýarlyga beslenen zamanamyzyň, mähriban Diýarymyzyň, il-günümizi eşretli günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän işleriniň, belent buýsanjymyza öwrülen zenanlarymyzyň waspy öz beýanyny tapdy. Ol ýerde TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň medeniýet merkezi tarapyndan guralan dabara hem şatlyk-şagalaňa ulaşdy. «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly baýramçylyk dabarasynda gutlag sözleri aýdyldy, aýdym-saz, tans toparynyň çykyşlaryna giň gerim berildi. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän bagtyýar zenanlar, mährem eneler özleriniň baýramçylyk gutlag çykyşlarynda ajaýyp döwri peşgeş beren döwlet Baştutanymyza bolan hoşallygyny beýan etdiler. Onuň dowamynda öňdebaryjy zenanlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

 

Aýdo ŞEKEROW.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.