2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ARKADAGYMYZYŇ PUL SOWGATLARY GOWŞURYLDY

Hormatly Prezidentimiziň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryny pul sowgatlary bilen sylaglamak bilen baglanyşykly resminamasyndan ugur alyp, welaýatymyzyň ähli ýerinde aýal-gyzlara, enelere döwlet Baştutanymyzyň pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Halkara ahalteke atçylyk toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlara Gahryman Arkadagymyzyň pul sowgatlaryny gowşurmak çäresi baýramçylyk maslahatyna utgaşdy. 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hemde Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk maslahatynda milli Liderimiziň zenanlara goýýan çäksiz hormat-sarpasy dogrusynda gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dürli sebitlerinde «Ene mähri» merkezlerini gurdurmagy, köp çagaly enelere «Ene mähri» hormatly atlaryny dakmagy, önümçiligiň dürli pudaklarynda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlara «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamagy, ýaş enelere durmuş ýeňilliklerini bermegi zenanlara goýulýan hormat-sarpadan nyşandyr.

Baýramçylyk maslahatynda nesil terbiýesinde, milletimiziň mizemez gymmatlyklarynyň, asylly ýörelgeleriniň dowamat dowam bolmagy ugrunda hemmelere nusga bolýan mährem ene — hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk görüm-göreldesi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Çykyş edenler ýakynda döwlet Baştutanymyzyň atçylyk toplumyna gelmegi, bu ýerde şu ýylyň başynda doglan Rowaç atly taý bilen didarlaşmagy, şeýle-de taýa mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakmagy özlerinde çuňňur tolgunmany döredendigi barada aýtdylar.

Baýramçylyk maslahatynyň dowamynda gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlary, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary we toý sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Akgözel HOJALYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.