2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ŞAHYRANA DUÝGULARY OÝARÝAN PASYL

Tebigatyň täsinliklerden doludygyny hemişe göre-göre gelýäris. Muny subut edýän mysallary uzakdan gözlemeli däl.

Türkmenistan – rowaçlygyň Watany ýylynyň bahary hem älem-jahanyň, Arşyň mähir-muhabbetini, gözelligini buşlap, adatdakylaryndan ir geldi. Asman jünbüş eýläp, ak ýagmyryny yzly-yzyna ýagdyryp, mylaýym howasy bilen tutuş tebigata jan berdi. Tenekar ýaz ýagşyna tebsirän ene topragyň göwsi al-ýaşyl öwüşmäge başlady. Baharyň buşlukçysy – saryja güljagazlar peýda bolup, badamlar gül açdy. Gyş gutarmanka, keramatly türkmen topragynda gülden şelpe dakynan gözellik äleminiň soltany bahar pasly ýylgyrdy.

Bütin barlygy döreden Biribar bu pasyl bilen zenanlaryň arasyny näzik duýguly sapajyk bilen ýöne ýere baglanyşdyrmandyr. Kalplary heýjana salyp, şahyrana duýgulary döredýän bahar – edil zenan ýaly, jan beriji, herekete getiriji ruhy güýç. Mährem zenanlarymyz hem ýürek torlaryna söýgi owazy bilen kakyp, özlerine maýyl edýärler. Janyndan jan berip, nesil daragtynyň pudak baldaklaryny köpeldýärler.

Ýaz pasly gözelligiň, ajaýyplygyň nyşany. Ol täzelikleri döredijidir. Eli çeper gelin-gyzlarymyz hem şol gözelligi, täsinlikleri yhlasy bilen keşde-nagşyna, halydyr palasyna ussatlyk bilen  siňdirýärler. Bagda guşlar şirin nagma bilen saýraýarlar. Enelerimiz bolsa ak arzuwlar siňdirilen hüwdülerini süýji owaza garýarlar.

Zenanlaryň baýramynyň bu pasylda bellenilmegi hem tötänden däl bolsa gerek. Ine, bu tebigat bilen ynsanyň sazlaşygynyň bir bölegi. Onsoň, neneň eliňe galam alyp, ýürek joşgunyny şahyrana sözler bilen beýan etmejek?!

 

Gaýmakdan şäheriň ajaýyp surat,

Joşgunly baharym, gel, geç sen töre!

Dünýä serpaý beren mahmal begresiň

Ýylgyryp ýapynsyn sähradyr dere.

 

Bägül Mussyýewa,

Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.