2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

HER BIR IŞDE GÖRELDE

Halkymyz zenanlarymyza çäksiz mähir-muhabbete beslenen hormat bilen garaýar. Şeýle garaýyş aýal-gyzlar hakynda edilýän bimöçber üns-aladalarda has aýdyň ýüze çykýar. Ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelge  häzirki döwürde çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz zenanlary milletimiziň abraý-mertebesi hasaplamak bilen, olary goldamak, hemaýat etmek boýunça möhüm çözgütleri kabul edýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde bu möhüm meselede oňyn özgerişlikler bolup geçýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmagyň uly möçberli maksatnamasyny öňe sürdi. Häzirki günlerde ähli pudaklarda joşgunly zähmet gaýnap-joşýar. Bu watançylyk hereketine halkymyzyň guwanjy bolan zenanlar uly höwes bilen gatnaşýarlar. Her bir işde köpe görelde bolýan aýal-gyzlaryň kanuny bähbidini, saglygyny goramak, olar üçin amatly iş we ýaşaýyş şertlerini döretmek meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýar we ileri tutulyp çözülýär. Şeýle işe biziň guramamyz netijeli gatnaşýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Bu babatda edýän tagallalarymyz TKA-nyň gurultaýynda kabul edilen „Türkmenistanyň Altyn asyrynyň ykdysady Maksatnamasyny“, TKA-nyň Milli Merkeziniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň kararlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär. Biz hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilen Kararlary, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň çözgütlerini ilat arasynda wagyz etmekde maksatlaýyn iş alyp barýarys.

Kümüş saçly, mährem enelerimiz  görüm-göreldäniň nusgasydyr, uly durmuş mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz enelere hormat-sarpa goýmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär. Oňa hormatly Prezidentimiziň „Enä tagzym – mukaddeslige tagzym“ atly eseri aýdyň mysallaryň biridir. Biz bu ajaýyp eseriň esasynda etrap zenanlar guramasy bilen birlikde „Ogulabat eje – milletiň nusgalyk enesi“, „Arkadagly gül eýýamda bagtyýardyr zenanlar“, „Arkadagyň saýasynda bagtdan paýly zenanlar“ atly aýdym-sazly çäreleri geçirip durýarys. Bulardan başga-da zenanlaryň zähmet çekmäge, dynç almaga, saglyklaryny berkitmäge degişli hukuklaryny goramak we bu babatdaky kanunçylyk namalaryny netijeli durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipelere bagyşlanan okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Ýaşlar ýurdumyzyň geljekki eýeleridir. Olaryň arassa ahlakly, watançy, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan köptaraply işlerden biziň guramamyz hem çetde durmaýar. Şonda orta mekdeplerde okaýan gyzlar bilen iş geçirmäge aýratyn üns berilýär. Olaryň bilimli, hünärli, edep-ekramly zenanlar bolup ýetişmeklerinde biz – ulular jogapkärçilik çekýäris. Şol sebäpli ýaş gyzlaryň arasynda öwüt-ündew häsiýetli täsirli çäreleri geçirmäge aýratyn üns berýäris.

Şu günler ýetip gelen ajaýyp baýram – Halkara zenanlar güni mynasybetli medeni-köpçülik çärelerine giň gerim berilýär. Olarda hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlyk döwri, maşgala ojaklarynyň eýeleri bolan mähriban enelerimiz, olaryň jemgyýetimizde tutýan orny, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bitirýän işleri hakynda giňden durlup geçilýär. Il-ýurt bähbitli işlerde köplere görelde bolýan, zähmet bäsleşiklerinde öňe saýlanýan zenanlar geçirýän dabaraly çärelerimiziň hormatly myhmanlary bolýarlar. Olara bitirýän işleri üçin hoşallyk sözleri aýdylýar we guramamyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şeýle hormata mynasyp bolýan zenanlaryň arasynda azyk bolçulygyny döredýän ussat kärendeçiler, ýüpekçiler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet işgärleri we beýlekiler bar. Biz geljekde hem aýal-gyzlar hakyndaky meseläni gündelik üns merkezinde saklap, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi ugrunda alada ederis.

Eziz Arkadagymyza zenanlar hakynda edýän deňsiz-taýsyz aladalary üçin tükeniksiz alkyş aýdýarys, mähriban aýal-gyzlarymyzy bolsa Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlap, olara egsilmez bagt, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris.

 

Dilaram Salamowa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Kerki etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.