2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

GYZ GYLYGY

Pederlerimiz janyndan eý görýän bedew atlarynyň tarypyny ýetirjek bolsalar «Gyz gylykly» sözüni hem getirýärler. Eýsem, gyz gylygy näme? Ol nähili bolmaly?

Gelin-gyzlary bezeýän gylyk-häsiýetler şular bolsa gerek:

1. Päkizelik — arassa, päkize bolmak.

2. Sypaýylyk — geýinmekde, sözlemekde gelşiklilik.

3. Utanç - haýalylyk — utanmak, haýa etmek.

4. Agraslyk — salyhatly bolmak.

5. Eli çeperlik — el işini nepis ýerine ýetirmek.

6. Düşbülik — aýdylan-diýlene oňat düşünmek, bir zady iki gaýtalatmazlyk.

7. Süýjidillilik — saýlap-seçip sözlemegi başarmak, hoşamaý geplemek.

Elbetde, şu günki gyzlar — ertirki gelinler, eneler. Megerem, şonuň üçindir ata-babalarymyz çaga terbiýesine, aýratyn-da, gyz çaganyň terbiýesine uly üns beripdirler. «Gyrasyny gör-de bizini al, enesini gör-de — gyzyny» diýlen nakyly hem döredipdirler. Şu ýerde, gyzyň enesi hasaplanýan zenanlaryň sanawyny getirmek hem ýerlikli bolarmyka diýýän. Ynha olar:

1 .How ene — ähli eneleriň enesi.

2.Ene — gyzyň kakasynyň ejesi.

3.Süňk ene — gyzyň ejesi.

4. Göbegene — çaga doglanda göbegini kesip, ilki göteren ene. «Dograna çekmesemem, göbegeneme çekerin» diýen aýtgam bar.

5. Eneke — dürli sebäplere görä ejesine derek çaga terbiýe berýän, çaga esewan bolýan zenan.

6. Ýeňňe — gyzyň agasynyň aýaly, gelnejesi.

7. Gaýyn ene — gyzyň durmuşa çykyp baran ýigidiniň ejesi.

Ata-babalarymyz gyz-gelinlerimizi bezeýän asylly sypatlaryň gowularyny ile ýaýyp, ýaramaz gylyklary ýazgarypdyrlar. «Gyzym bar — gyzylym bar» diýip, gyz maşgalany altyn-kümüşe besläp, oňa guwanypdyrlar.

 

Atamyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmengala etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.