Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAHARYŇ ŞIRIN MUKAMY

Bagy-bossanlyga we jana melhem ösümliklere beslenen türkmen tebigaty janly-jandarlary özüne bendi edýär. Sadaja öwüsýän mylaýym şemala melul bolan gül-gülälekler ynsan kalbyny joşa getirýär. Janly tebigatyň pyşyrdysy şirin hüwdi kimin dünýäňe dolýar. Bu pursat saňa ene gujagyny, ene mähremligini, ene öwütlerini sowgat edýär. Tebigatyň bu serpaýy ýere ýyly gidip, Zemine janlanyşyň, jahana täzelenişiň ornandygyndan habar berýär.

Bahar paslynyň Halkara zenanlar gününi alyp gelýänligi üçin oňa gyzjagazlardan başlap, mährem enelerimiz hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. «Türkmenistan­rowaçlygyň Watany»­ýylynyň ýakymly duýgulary bagyş edýän günlerinde mährem enelerimiziň, gyz-gelinleriň ýürek sözleri baharyň şirin mukamy bolup eşidilýär. Biz olaryň birnäçesini okyjylarymyza ýetirýäris:

 

Şeker ATAJANOWA, Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň esasy hünärmeni:

— Taryha ser salanymyzda-da, halk döredijiliginde-de, nusgawy edebiýatymyza ýüzlenenimizde-de, türkmen halkynyň gelin-gyzlara sarpasynyň belentde bolandygyny görmek bolýar. Şirin sözleriň, nepis şaý-sepleriň gelin-gyzlara bagyşlanmagy hem muňa doly şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe enelerimize, gyz-gelinlere goýulýan hormat has-da belent. Diýarymyzyň zähmetde aýratyn tapawutlanan zenanlaryna «Zenan kalby» ordeniniň gowşurylmagy hem-de sekiz we şondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli, pul sowgatlarynyň berilmegi kalbymyzy buýsanja besleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň elimize gowuşmagy ýüreklerimize mähir çaýdy, buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Ene mukaddesligini belende galdyrýan eser ýürekleriň syrdaşyna öwrüldi. Mährem enelerimizi we gyz-gelinlerimizi Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Olara maşgala abadançylygyny arzuw edýäris. Eneleriň, gyz-gelinleriň sarpasyny belent tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Gunça GARAÝEWA,

Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň esasy hünärmeni:

— Eneler dünýäniň bezegi, eneler mähir ummany, eneler sözlese, dünýä mähre beslenýär, eneler hüwdä hiňlenseler, perzentler rahat uka batýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserindäki: «Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar» diýen dürdäne setirler kalbyňa nur bolup siňýär. Şonda ene alkyşlaryna beslenen dünýäniň goýnunda bagtyýardygyňa ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. Ýurdumyzyň her bir pudagynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň zähmet goraglylygy, olaryň her biriniň mynasyp dynç almagy babatda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň bolmagy aýratyn buýsançlydyr. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň gelin-gyzlara sarpasynyň uludygyndan nyşandyr. Dünýäni mähre beslän mährem enelerimizi Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Enelerimizi ajaýyp eseri bilen serpaýlap, olaryň hormatyny belent tutýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris!

 

Ogulgerek GANDYMOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni:

— Hormatly Prezidentimiz enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy hormatlap «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserini sowgat etdi. Bu kitapda ene mukaddesligi belent tutulýar. Ýurdumyzda gelin-gyzlaryň çekýän zähmetine sarpanyň belentdigi, çaga terbiýeleýän eneleriň hemişe hormatlanýandygy olaryň başyny göge ýetirýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri giň gerim alýar. Ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň arasynda geçirilen baýramçylyk dabaralary, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, wagyz-nesihat duşuşyklary şatlyk-şowhun bilen dowam edýär. Baýramçylyk duşuşyklarynda hormatly Prezidentimiziň türkmen zenanlaryna hormatynyň belentdedigi giň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi geljekde-de terbiýeçilik, wagyz-ündew işlerini giň gerimde gurap, gyz-gelinler, eneler bilen medeni-köpçülikleýin çärelerini geçirip durarlar. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini halkymyza wagyz-nesihat ederler. Mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gutlaýarys. Halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, umumadamzat ähmiýetli oňyn başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Gürrüňdeş bolan Amangül NURMYRADOWA,

«Watan».

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.