Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SUNGAT ESERLERINDEN DÜZÜLEN BÄSLEŞIK

Döwletli, döwranly ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, gyz­gelinlere, enelere goýulýan hormat­sarpa bimöçberdir. Ýurdumyzda her ýyl uludan bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Watanymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyklara giň orun berilýär.

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň arasynda sergi bäsleşigi geçirildi. Şekillendiriş we amaly­haşam sungat eserlerinden düzülen «Zenan kalbynyň joşguny» atly sergi bäsleşigini Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde guradylar. Oňa ýurdumyzyň suratkeş gelin­gyzlary — Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Türkmen döwlet Ýörite orta çeperçilik mekdebiniň mugallymlary, Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp gyzlary çeken suratlary, nakgaşlyk işleri bilen gatnaşdylar. Özboluşly guralan sergini synlamaga paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler.

Bu sergi bäsleşiginiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan—rowaçlygyň Watany» ýylynda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, eziz Diýarymyzyň ajaýyplyklaryny çeper wasp edýän zenan suratkeşleri ýokary çeperçilikli eserleri döretmäge höweslendirmekden, döredijilik hazynasyny baýlaşdyrmakdan, olaryň döredijiligine mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Bäsleşige Bagtyýarlyk döwrümiziň ruhy we medeni gülläp ösüşini, ýurdumyzyň tebigat gözelligini wasp edýän, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, ýol­ýörelgämizi beýan edýän çeper eserler hödürlenildi. Baýramçylyk şatlygyna beslenen sergi bäsleşiginiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerinden kalplary püre­pür bolan bäsleşige gatnaşanlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris:

 

Aýbibi AMANKLYÇEWA,

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň şekillendiriş sungaty hünäriniň mugallymy:

— Men 2006­njy ýyldan bäri şekillendiriş sungaty bilen içgin gyzyklanyp gelýärin. Şondan bäri hormatly Prezidentimiziň biz — sungat işgärleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän ähli surat sergilerine öz işlerim bilen gatnaşýaryn. Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde geçirilen bu bäsleşikde 6 sany işim bilen çykyş edip, baş baýraga mynasyp boldum. Bäsleşige «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda döreden täze — abstrakt görnüşinde çekilen suratlarymy, «Çöl», «Habarçy», «Nowruz» işlerimi hödürledim. Işimde esasan gyz­gelinleriň içki dünýäsini, öz ojagyna bolan söýgüsini şekilde beýan etmegi özüme has ýakyn saýýaryn.

Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, gyz­gelinlere, enelerimize uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan il­ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Şasenem KURBANOWA,

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk we taslama hünäriniň 5-nji ýyl talyby:

— Owadan ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mähriban enelerimiziň, gyz­gelinlerimiziň baýramy bolan Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly baýramçylyklar, bäsleşikler, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp­başarnygymy görkezmek mümkinçiliginiň dörändigine örän begenýärin. Çeperçilik sungaty bilen meşgullanmak höwesi mekdep okuwçy döwrümden bäri bar. Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi

merkezinde geçirilen bu bäsleşige çagalar dünýäsine degişli suratlarym bilen gatnaşyp, 3­nji orna mynasyp boldum. Geljekde­de bu ugurdan halypalarymyzyň pendini tutup, zehinimizi hasda artdyrarys.

Egin­eşiklere öz milli nagyşlarymyzy, däp-dessurlarymyzy alamatlandyrýan suratlary çekmek bilen meşgullanýaryn. Onuň üçin ýörite matalar üçin niýetlenen reňkleri peýdalanmaly. Sungat dünýäsine giň ýol açan, islegleriň hasyl bolýan zamanasyny peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşymyz çäksizdir!

 

Jennetgül ORAZOWA,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.