2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

BAGTYÝAR BIZ ARKADAGLY DIÝARDA

Gahryman Arkadagymyzyň göreldesi bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlara uly hormat-sarpa goýulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň zenanlary durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşýarlar. Gender syýasaty jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna zenanlaryň deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan deňhukuklylyk syýasaty döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzy has-da ösdürmek ugrunda edýän  tagallalarynyň üstünlikli amala aşmagyna işjeň gatnaşmaga türkmenistanly zenanlarda uly höwes döredýär.

Döwlet Baştutanymyzyň zenanlara mertebe sütüni hökmünde garaýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň olar barada aladalarynyň, sylag­sarpasynyň çäksizdigini aýan edýän çäreleriň biri golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem­de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda geçirildi. «Bagtyýar biz Arkadagly Diýarda» diýen at bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu duşuşyga ýurdumyzyň tanymal medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk duşuşygynda halypalaryň çykyşlary örän täsirli boldy. Halypa zenanlarymyzyň göreldesine eýeren tanymal ýaş medeniýet işgärleriniň çykyşlary bu aýdym­sazly çäräniň gyzygyny has­da artdyrdy.

«Bagtyýar biz Arkadagly Diýarda» atly duşuşygyň dowamynda ýaňlanan aýdym­sazlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleri barha rowaçlanýan ýurdumyzda gazanylýan guwandyryjy üstünlikler joşgunly wasp edildi.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar mähriban enelerimiz, halkymyzyň ýüzüniň tuwagyna, ar­namysyna deňän gelin­gyzlary barada irginsiz aladalar edýän, durmuşymyzy bahar­ýaz kimin görklendiren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileg edip, ýurt Baştutanymyzyň adyna buýsançdan doly ýüreklerinden çykýan çäksiz alkyşly sözlerini beýan etdiler.

 

Çemen ANNABERDIÝEWA,

ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.