2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

GELIN-GYZLARA SARPA BELENTDE

Hormatly Prezidentimiziň mährem enelerimize, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän ussat gyz­gelinlere sylag­sarpasy belentde. Orunlary törde, sarpalary belentde tutulýan eneler, önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin­gyzlar maşgala binýadynyň berkliginde, nesil terbiýesinde, ýaş nesillere bilim bermekde nusgalyk mekdep bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň döwleti dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde we beýleki ugurlarda zenanlarymyz yhlasly zähmetleri bilen mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we halklaryň dost­doganlygy ugrunda amala aşyrylýan beýik işlerimize özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçin hem bu gün Garaşsyz döwletimizde olaryň sylag­sarpasy, abraý­mertebesi belentdir» diýen sözleri gelin­gyzlary hasda öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi zenanlaryň ukyp­başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen «Ýylyň zenany» bäsleşigini yglan edýär. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu şowhunly dabara «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda geçirilýän çäreleriň üstüni ýetirdi.

Bäsleşige dürli ugurlar boýunça öz ukyp­başarnyklaryny görkezip, bäsleşigiň şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Olaryň ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, döwlet edaralarynda işgärler üçin oňaýly iş şertlerini açmaga, ýokary öndürijiligi gazanmaga, el hünärlerini kämilleşdirmäge, milli däp­dessurlarymyzy nesillere öwretmäge, ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemäge, halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň kepili bolan harby we hukuk goraýjy ulgamlary ösdürmäge, oba hojalyk önümçiligine mynasyp goşandyny goşmaga, telekeçiligi ösdürmäge goşýan mynasyp goşantlary emin agzalarynyň üns merkezinde boldy.

 Bäsleşige gatnaşan başarjaň zenanlar «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň işewür zenany», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň çeper elli zenany», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň mährem zenany», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň watançy zenany», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça ýeňiji bolmagy başardylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 Bäsleşige gatnaşanlar eneleriň, gelin­gyzlaryň sarpasyny belent tutýan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw etdiler.

 

Nurbibi NAZAROWA,

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek  etrap birleşmesiniň başlygy:

— Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň çeper elli zenany» diýlip yglan edilmegim başymy göge ýetirdi. Bu meni geljekde­de döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Milli däp­dessurlarymyza, milli mirasymyza uly hormat goýýan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

 

Gülnabat ÇERKEZOWA,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň G.Atabaýew adyndaky geňeşliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, kärendeçi:

— Däbe öwrülen «Ýylyň zenany» bäsleşiginde «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýlip yglan edilmegim entek Watan öňündäki bitirilmeli işleriň juda uludygyny aýan edýär. Çagalara zähmet terbiýesini bermekde, olara daýhançylygyň gadymy ýollaryny öwretmekde yhlasly zähmet çekeris. Ýerden bol hasyl öndürip, azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşandymyzy goşarys. Daýhanlaryň amatly şertlerde zähmet çekmegini hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.