2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

TÜRKMENABAT ŞÄHERIŇ ÇAGALAR BAGLARYNYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň guramagynda şäheriň çagalar baglarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Oňa gatnaşyjylar „Iň gowy çagalar bagy“, „Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri“, „Iň göreldeli terbiýeçi-usulçy“ we „Iň göreldeli terbiýeçi“ diýen atlary almak ugrunda bäsleşdiler. Bäsleşikde körpeleriň okuw meýilnamasyna laýyk okadylyşyna, çagalar baglarynyň bezelişine, içki gözegçiligiň ýola goýluşyna, iş resminamalarynyň ýöredilişine, usuly işleriň mazmunyna, görnüşlerine we netijeliligine, terbiýeçileriň we çagalaryň gazanan netijelerine, ata-eneler bilen alnyp barylýan işlere we beýleki görkezijilere baha berildi. Birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolanlara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar, şonuň ýaly-da gowy netijeleri görkezenlere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Birinji orna mynasyp bolanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

       

Türkmen gündogarygazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.