2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

AÝDYŇ GELJEGIMIZE TARAP ÝOLDA

Bilşimiz ýaly, türkmen halky Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly bolan geçen ýyly belent sepgitler, şanly wakalar bilen jemledi. 2018-nji ýylyň tutumly işleri «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan 2019-njy ýylda has-da rowaçlyga beslenýär. Şeýle işler bolsa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň aýdyň geljegine tarap ynamly öňe gitmegine itergi berýär.

Abadan ertirimize tarap ýolda ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmek derwaýys wezipe bolup durýar. Bilim işgärlerimiz şu wezipeden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, ruhubelent ýaşlaryny ýetişdirmekde uly tagallalary edýärler. Geňeşimiz tarapyndanam mugallymlaryň iş we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

 

Çarymyrat ESENOW,

Türkmenistanyň Ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap geňeşiniň başlygy

****

Şu ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegi bütin halkymyz bilen birlikde biziň mugallym kalplarymyzy hem uly buýsanja ýetirdi. Çünki, her gelen ýyl bizde mynasyp atlandyrylyp, şan-şöhrata beslenýär. Geçen ýyl — Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly hem ýurdumyz üçin düşümli boldy.

Adyndan belli bolşy ýaly, biz şu ýyly hem uly rowaçlyklara beslemeli. Ol şeýle hem bolar. Şu jähetden ugur alyp, biz körpe nesle Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne laýyk bilim-terbiýe bermek üçin yhlasymyzy, güýç-gaýratymyzy aýaman zähmet çekeris. Çünki, hormatly Prezidentimiz bize döredijilikli işlemek üçin ähli şertleri döredip berýär. Şol uly alada, ynama jogap edip işleýän kärdeşlerimiziň azaplary ýerine hem düşýär.

 

Mähri ORAZGYLYJOWA,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.