2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

RUHUBELENTLIK BILEN

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda okuw-maslahat geçirildi. Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarydyr işjeňleri, edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärler bölümleriniň müdirleri, hukuk gözegçileri, hasapçylarydyr tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri gatnaşdylar. Okuw-maslahatyň gün tertibinde garalan meseleler boýunça çykyp geplemeler boldy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň tertipnamalaýyn düzgünleri we iş dolandyryjylygy guramak hakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri Oguldursun Kamarowa giňişleýin çykyş etdi. Şeýle-de okuw-maslahatda welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet hakyndaky we beýleki kanunçylyk namalaryny ulanmagyň tertibi, edara-kärhanalarda we kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynda maliýe-hasabat işleriniň guralyşy, zähmeti goramagyň düzgünleri we beýleki meseleler hakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçileri Jepbar Buljyýew, Toýly Garýagdyýew, bölüm müdiri Myrat Çaryýew, baş tehniki gözegçisi Ezizmuhammet Meredow çykyş etdiler.

Okuw-maslahatyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, işjeňleri höweslendirmek, agzalaryň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça edilmeli işler hakynda durlup geçildi.

 

A. DURDYÝEWA,

“Maru-şahu jahan” gazetiniň habarçysy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.