2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

“BAGT ÖÝÜNDÄKI” DABARA

Durmuşy ala-ýaz edýän bahar paslynda 8-nji Mart-Halkara zenanlar baýramy owadan ýazly ülkämizde şatlyk-şowhunly bellenilýär. Bu baýramyň şanyna ýurdumyzda, şol sanda welaýatlarymyzda, etrap-şäherlerde aýdym-sazly çäreler geçirilip, baýramçylyk şowhunly bu ýakymly baýrama söýgi döredýär.

Etrabymyzdaky “Bagt öýi” toý mekanynda üsti naz-nygmatly saçak başynda guralan “Zenanlaryň arzuw edip ýeteni, Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” atly şowhunly çäre hem zenanlaryň baýramyna bagyşlandy. Etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, TAP-nyň etrap komiteti tarapyndan guralan çärä ajaýyp döwürden hoşwagt zenanlar gatnaşdylar.

Etrap medeniýet merkeziniň aýdymçy-tansçylarynyň, sahna ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna beslenen dabara oňa gatnaşanlara keýpiçaglyk eçildi. Etrapdaky çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary çärä gatnaşan enelere, gyz-gelinlere şatlyk eçildi. Etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar geňeşiniň başlygy Nurjemal Annamuhammedowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty  Gurbanmyrat Muhammetorazow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Muhammetnazar Annaýarow we beýlekiler baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler.

Çykyşlarda bagtyýar döwrüň bagtly zenanlaryna buýsanç, zenanlara sarpaly Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.

 

Ogulnäzik MUKYMOWA,

TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.