2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

MUKADDES BORJUMYZ

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygyndan gelip çykýan wezipeleri we sargytlary durmuşa geçirmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleri, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahaty bilelikde «Arkadagyň ýoly — rowaçlygyň ýoly» diýen at bilen maslahat geçirdiler.

Maslahata ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň wekilleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri, şeýle hem il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Gözel Annanyýazowa öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynyň ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň birine öwrülendigini buýsanç bilen belledi. Şeýle-de halkymyzyň arasynda wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde, mirasymyzy öwrenmekde, milli medenýetimizi ösdürmekde, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmakda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işleri barada hem giňişleýin durup geçdi.

Çykyşlaryň dowamynda agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň täze belentliklere göterilmegi üçin öňde duran möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşant goşmagyň ähli ulgamlarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň mukaddes borjudygy uly buýsanç bilen bellenip geçildi.

Maslahata gatnaşanlar Diýarymyzyň bagtyýar raýatlaryny ajaýyp zamanada ýaşatmak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.