Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMETKEŞLERIŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGYNDA

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly içeri we daşary syýasatlarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiz ähli ugurlarda tapgyrlaýyn ösdürilýär. Zähmet gatnaşyklarynyň pugtalanmagynyň hukuk esaslary berkidilýär. Olary düzgünleşdirýän esasy hukuknamalarynyň biri hem köpçülikleýin şertnamalar we ylalaşyklardyr. Bu resminamalar kärhanada iş beriji bilen işgärleriň arasynda köpçülikleýin gepleşikleri geçirmek arkaly işlenilip taýýarlanylýar we baglaşylýar. Olarda zähmete hak tölemegiň görnüşi, ulgamy, öwez dolmalar, işgärleriň iş bilen üpjünçiligi, hünäriniň gaýtadan öwredilmegi, maýyplaryň, on sekiz ýaşyna ýetmedikleriň, şol sanda aýallaryň zähmet we goraglylyk şertlerini gowulandyrmak, işgärler we olaryň maşgala agzalaryny durmuş taýdan goramak  barada ýörite çäreler we taraplaryň ylalaşmagy boýunça beýleki birnäçe düzgünler göz öňünde tutulyp bilner.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň taryhynda köpçülikleýin şertnamalar barada üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kodeksine 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda girizildi. Häzirki hereket edýän Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň ХV bölüminiň degişli maddalarynda köpçülikleýin şertnamalaryň we ylalaşyklaryň düşünjesi, olary baglaşmagyň tertibi, mazmuny we düzümi, möhleti, hereket ediş çygry we beýleki ýagdaýlar dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde zähmeti goramak boýunça köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan şertleriň ýerine ýetirilmezligi üçin temmi çäresiniň göz öňünde tutulmagy zähmet gatnaşyklarynda köpçülikleýin şertnamalaryň we ylalaşyklaryň ornuny has-da pugtalandyrýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesi hem hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin işlemäge, halal zähmet çekmäge, zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýakyndan ýardam bermeginde etrabyň çägindäki edara-kärhanalar, guramalar bilen ysnyşykly işleri alyp barýar.

        

Zaur Astanow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hukuk gözegçisi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.