2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

KARATEÇILER BARHA KÄMILLEŞÝÄRLER

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikdäki guran kýokuşinkaý-karate boýunça welaýatymyzyň birinjiligi müdirligiň Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde köp sanly janköýerleriň gatnaşmagynda geçirildi.

Birinjilik türgenleriň ýaşlary we agram derejeleri boýunça,şeýle-de oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda aýry-aýrylykda ýaýbaňlanyp, 2002-2003-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Halmyrat Atabaýew 50, Batyr Myradow 65, Umyt Gurbanow 70, Kadyr Babaýew 75, gyzlardan Laçyn Meredowa 55 kilogram agram derejelerinde birinji orunlary eýelediler. Olaryň ählisi-de Balkanabat şäherindendir.

2004-2005-nji ýyllarda doglanlaryň arasyndaky tutluşyklaryň netijesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna oglanlardan 40,50,60 kilogram agram derejelerinde degişlilikde Wagif Malabaýew, Ýusup Baýramow (Balkanabat), Agoýli Şageldiýew (Gumdag), Gurbanmyat Meredow (Balkanabat) dagy ähli garşydaşlaryndan rüstem geldiler.45 kilogram agram derejesindäki gyzlaryň arasyndaky ýaryşda welaýat merkezinden Leýla Orazowa çempion boldy.

2008-2009-njy ýyllarda doglan karateçileriň çykyşlary hem uly gyzyklanma döredip, 25 kilogram agram derejesinde balkanabatly Igor Lebedew, 30 kilogram agram derejesinde bu şäherden Rejepguly Gurdow, 35 kilogram agram derejesinde Gumdag şäherinden Şatlyk Hojageldiýew iň gowy görkezijilere eýe boldular. Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda 30 kilogram agram derejesinde Balkanabatdan Ýana Agafanowa ýeňiji bolmaklygyň hötdesinden geldi.

2010-2011-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagyndaky ýaryşlar iki agram derejesinde bolup, munda hem welaýat merkeziniň wekilleri-25 kilogramda Şyhmyrat Atabaýew, 30 kilogramda Gadyrgeldi Näzliýew öňdäki orunlary eýelediler.

Welaýatymyzyň birinjiliginde tapawutlanan türgenlere Hormat hatlary hem-de sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

“Balkan” gazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.