Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KARDEŞLER ARKALAŞYKLARY: ÝETILEN SEPGITLER, TÄZE WEZIPELER

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary zähmetkeşler birleşiginiň taryhy taýdan emele gelen guramaçylyk görnüşi bolup, şol bir wagtda jemgyýetimiziň we döwletimiziň syýasy ulgamynyň wajyp bölegidir.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi, ýurtda syýasy we jemgyýetçilik gurluşyň üýtgemegi bilen, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň durmuş-syýasy taýdan tutýan orny hem düýpgöter üýtgedi. Kärdeşler arkalaşyklary işgärleriň garaşsyz, meýletin we öz-özüni dolandyrýan jemgyýetçilik birleşmesine öwrüldi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň maksady iş berijiler bilen özara gatnaşyklarda kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet we beýleki hukuklaryny we bähbitlerini aramakdan we goramakdan ybaratdyr. Onuň esasyny demokratiki ýörelgeler tutýar. Garaşsyzlyk döwründe kärdeşler arkalaşyklary pugtalandy. Ol öz işinde täze çemeleşmeleri ornaşdyrdy. Onuň kanunçylyk-hukuk binýady döredildi. Netijede, täze tejribeler toplandy. Kärdeşler arkalaşyklary şu günki gün Türkmenistanyň iri jemgyýetçilik birleşmesidir. Ol biziň taryhymyzyň geçiş döwrüne hem-de häzirki wagtda durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän, düýbünden täze guramaçylyk düzümine uýgunlaşmagy hem başardy.

Kärdeşler arkalaşyklary hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini goldap, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan işlerini kämilleşdirýärler. Olar zähmeti goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde ýokary netijeleri gazanmak üçin öz ähli mümkinçiliklerini peýdalanýarlar. Tertipnamana laýyklykda, kärdeşler arkalaşyklarynyň maksady Türkmenistany demokratik we hukuk döwleti hökmünde ösdürmäge ýardam etmekden, türkmen halkynyň milli döwletliliginiň demokratik esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan, onuň milli mirasyny saklamakdan, türkmen halkynyň gymmatlyklaryny we bähbitlerini, döwlet garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny gorap saklamakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde uly wezipeler durýar. Häzirki wagtda kärdeşler arkalaşyklary öz Tertipnamasy bilen kesgitlenilen maksatlary, wezipeleri we borçlary bolan özboluşly jemgyýetçilik birleşmesi hökmünde täze türkmen jemgyýetiniň syýasy ulgamynyň düzüm bölegidir. Onuň öňünde hem täze wezipeler durýar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň baş, esas goýujy taglymy zähmet çekýän adamlaryň durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini goramakdyr we wekilçilikli wezipelerdir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleriniň öňünde eden taryhy çykyşynda: «Jemgyýetçilik birleşikleri öz işlerini has-da işjeňleşdirip, adamlaryň zähmet, durmuş hukuklaryny, dynç almaga, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda döredijilik bilen meşgullanmaga hukuklaryny üpjün etmekde, ýaşlara durmuşda mynasyp ornuny tapmakda, şahsyýet hökmünde kämilleşmekde ýardam bermelidir diýip hasaplaýaryn» diýip nygtap geçdi.

Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan wezipeleri kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda giň seslenme we gyzgyn goldaw tapdy. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerinden ugur alyp, kärdeşler arkalaşyklarynyň işinde zähmetkeşleriň bähbitleri üçin agzybirlik we arkalaşyk ýörelgesiniň uly ähmiýeti bardyr we kärdeşler arkalaşyklary aşakdan ýokaryk edaralaryň ýeke-täk guralmagyny we bitewi ulgamyny, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen arkalaşykda tertipnamalaýyn maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly derwaýys meseleleri çözmegi göz öňünde tutýar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Durmuş hyzmat- daşlygy, köpçülikleýin şertnamalary we ylalaşyklary, üçtaraplaýyn Baş ylalaşygy baglaşmak, işgärleriň bähbitleri üçin goraýyş wezipeleri amala aşyrmakda, bilelikdäki medeni-köpçülik we sport çäreleri, ynsanperwerlik we haýyr-sahawat çärelerini geçirmekde iş berijiler bilen ýаkуn hуzmatdaşlygy bu ýörelgäniň beýan edilmeginiň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamalaýyn maksatlaryna hünär ussatlygynyň artmagy, aň-bilim işi, ylym, medeniýet we sungat babatda döwlet, jemgyýetçilik, halkara maksatlaryň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek, şeýle hem hünär ussatlygynyň, ylmy, medeni we döredijilik mümkinçilikleriniň artmagy hem degişlidir. Bu babatda «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işini döwlet tarapyndan kepillendirýär.

Kärdeşler arkalaşyklary raýat jemgyýetiniň möhüm bölegi bolmak bilen, hemişe ösmek we kämilleşmek bilen, täze görnüşli jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Kärdeşler arkalaşygy hereketi raýat jemgyýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, häzirki döwürde öz işini kämilleşdirýär, abraýa eýe bolýar we Türkmenistanda göreldeli jemgyýetçilik birleşigine öwrülýär. Kärdeşler arkalaşygy täze durmuş-ykdysady şertlerde öz gurluşyny mundan beýläk-de ösdürmek, abraýyny ýokarlandyrmak, raýatlary kärdeşler arkalaşygy hereketine giňden çekmek ýaly möhüm ugurlar boýunça iş alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz 14-nji fewralda geçiren duşuşygynda: «Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiz täze eýýamyň, täze jemgyýetiň keşbini emele getirdi. Häzirki döwür we geljek üçin derwaýys wezipeleri çözmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, oňyn tejribämize esaslanyp, öz iş usullaryny has döwrebap ýagdaýa getirmelidir» diýip nygtady. Häzirki wagtda kärdeşler arkalaşyklarynyň täsiriniň we abraýynyň ýokarlanmagy ähli kärdeşler arkalaşyklary hereketiniň hakyky jemgyýetçilik güýji hökmünde emele gelmegi onuň täze başlangyçlar bilen çykyş etmäge we netijede jemgyýetiň oňyn ösmegine ýardam etmäge ukyplydygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözüljekdigine şek-şübhe ýokdur. Munuň üçin kärdeşler arkalaşyklarynda hemme mümkinçilikler bardyr.

 

Myrat HAITOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň baş hukuk gözegçisi, ýuridiki ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.