Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI MIRASYMYZA BAGYŞLANYLDY

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyna degişli maglumatlary halk arasyndan toplamagyň we öwrenmegiň meseleleri» atly usuly okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahata medeniýet we sungat işgärleri, mirasgärler, mirasy öwreniji alymlar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň baý milli mirasyny, däp-dessurlaryny, dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýelän medeni-ruhy gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn gorap saklamaga, öwrenmäge, ösdürmäge we olaryň gymmatyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda halk mirasyny toplamak boýunça ýerlere ekspedisiýalar yzygiderli guralýar. Şonuň netijesinde milli gymmatlyklarymyza degişli maglumatlar toplanylýar. Maslahatda çykyş edenler her güni ösüşli menziller bilen nurlanýan ýurdumyzyň baý mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda we geljekki nesillere geçirmekde, bu mukaddes işe ýaşlarymyzy çekmekde köpugurly işleriň amala aşyrylýandygy, mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu ugurda uly mümkinçilikleriň döredilendigi barada guwanç bilen belläp geçdiler. Olar halkymyzyň baý hem-de gadymy mirasyny, milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmäge we dünýä ýaýmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Döwlet muzeýinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.

Serginiň açylyş dabarasynyň çäginde Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirilen «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Bäsleşikde milli mirasymyzy toplamak boýunça ýerlere guralan ekspedisiýalaryň dowamynda halkdan toplanan maglumatlaryň iň gowy nusgalary saýlanyp alyndy. Bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli bu bäsleşigiň täze tapgyry yglan edildi.

Dabaraly çärä gatnaşyjylar halkymyzyň dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän milli mirasyny çuňdan öwrenmäge, asyrlar aşyp, indiki nesillere geçirilmeli gymmatlyklar hökmünde olary gorap saklamaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin, mähriban Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.