Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŇLANYP DUR PARAHATLYK AÝDYMY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary ösüşleri gazanýar. Gazanylýan şanly üstünliklerde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň-de mynasyp paýy bar. Olar öz döredijiligi bilen halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Her ýyl geçirilýän bäsleşikler bolsa medeniýet, sungat işgärleriniň has-da kämilleşmeklerine ýardam edýär.

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherinde «Türkmenistan — bagtyýarlyk mekany, ýaňlanyp dur rowaçlygyň mukamy» atly döredijilik toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşik hem baý many-mazmuna eýe boldy. Çäräniň maksady nurly geljege barýan türkmen halkynyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmakdan, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr. Bäsleşigiň dowamynda etrap, şäher we şäherçe medeniýet merkezleriniň döredijilik toparlary, bagşy-sazandalar, folklor-tans toparlary, täze eserler bilen çykyş etdiler. Saýat etrabynyň Sakar şäherçesiniň medeniýet merkeziniň topary bäsleşikde ýeňiji boldy. Saýat etrabynyň medeniýet bölüminiň folklor-tans topary ikinji, Döwletli etrabynyň medeniýet merkeziniň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çärjew, Kerki, Dänew etraplarynyň döredijilik toparlary welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Şeýle çäreler aýdym-saz, folklor toparlarynyň agzalarynyň sungat äleminde kämilleşmeklerine, ussatlyklaryny artdyrmaklaryna oňyn itergi berýär.

 

Bahtyýar NIRMAMEDOW,

Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.