Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HYZMAT ULGAMY IŞGÄRLERINIŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ GEŇEŞINIŇ OKUW MASLAHATY TÄSIRLI GEÇDI

Ajaýyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde geçirilýän okuw maslahatlary kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň alyp barýan işlerini has-da kämilleşdirmäge uly ýardam edýär. Şu ýylyň 11 — 16-njy fewraly aralygynda bu ýerde Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda kärdeşler arkalaşygynyň işini kämilleşdirmek» atly tema boýunça geçiren okuw maslahaty hem munuň şeýledigine şaýatlyk etdi.

Okuw maslahatyna ulgamyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalaryndan 90 töweregi adam gatnaşdy. Okuw maslahatyny Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Arzygül Durdyýewa açdy. Ol:

— Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi öz işlerini «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasy boýunça alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bagta beslenen röwşen ýyllar boldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly şu ýylymyzyň hem turubaşdan her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginden hyzmat ediş ulgamyna degişli edara-kärhanalardan kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary bilen döwletli Diýarymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde okuw maslahatyny geçirmek indi däbe öwrüldi.

Biz şu günem şol okuw maslahatyny geçirmäge ýygnanyşdyk. Okuw maslahatynyň dowamynda degişli hünärmenler, welaýatlardan gelen işjeňler çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan halk bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek, kärdeşler arkalaşygynyň maliýe-ykdysady işleri, agzalaryň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň işlerini guramak, resminamalary dogry we talabalaýyk alyp barmak barada giňişleýin durup geçerler, özara pikir alşarlar — diýip, bu ulgamyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Okuw maslahatynda «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Myrat Atajanowyň, Hyzmat ulgamynyň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Gurbangül Ataýewanyň, «Aşgabatýylylyk» trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň başga işlerden boşadylan başlygy Mährijemal Myradowanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň baş hasapçysy Şemşat Arazmuhammedowanyň, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň başga işlerden boşadylan başlygy Ejegül Çolagyň, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi Berdimyrat Rozyýewiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi Ezizmuhammet Meredowyň, Aşgabat şäher Berkararlyk etrabynyň bagçylyk müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Kümüş Nazarowanyň täsirli çykyşlary üns bilen diňlenildi. Şeýle hem çykyş edenlere ilkinji guramalaryň işlerini has hem kämilleşdirmek bilen baglanyşykly dürli soraglar berildi we kanagatlanarly jogap alyndy.

Okuw maslahatynyň dowam eden günlerinde sportuň woleýbol, basketbol, tanap çekmek, küşt, şaşka ýaly görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşikler hem gyzykly boldy. Welosipedli gezelenç hem bu çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen sporta höwes bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyny görkezdi.

«Daýanç» sagaldyş merkeziniň ýolbaşçylary agşam nahary wagtynda ýörite aýdym-sazly şowhun guradylar. Olarda çärä gatnaşanlar aýdym aýdyp, tans edip, öz wagtlaryny şatlykly geçirdiler. Şeýle hem bu sagaldyş merkezi okuw maslahatynyň ähmiýetli geçmegi üçin dürli guramaçylyk çärelerini alyp bardylar.

Okuw maslahaty wagtynda welaýatlardan, paýtagtymyzdan bu çärä gatnaşanlaryň birnäçesi bilen öz alyp barýan işleri, okuw maslahatynyň özlerine berýän peýdasy barada söhbetdeş bolduk. Ilkinji söhbetdeşimiz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň derňewçisi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň derňew toparynyň agzasy Aýgül Hajynazarowa boldy.

— Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesinde ilkinji guramalaryň 869-sy bolup, olar 95 müň 848 töweregi agzany özüne birleşdirýär. Biz ilkinji guramalarymyzda esasy resminamalaryň ýöredilişini, maliýe-hojalyk işleriniň alnyp barlyşyny, kärdeşler arkalaşygynyň agzalyk tölegleriniň ýygnalyşyny, ýokary guramalara geçirilişini, guramalarda býujet serişdesiniň sarp edilişini barlap, olara amaly kömekleri berip durýarys. Olardan başga-da, agzalyk tölegleriniň dogry tutulyşyna, guramanyň býujetiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna laýyklykda, görkezilen maksatlara harçlanylyşyna, olaryň resminamalar bilen esaslandyrylyşyna, kärdeşler arkalaşygynyň agzalaryna arkalaşyk kömeginiň berlişine, maliýe-statistika hasabatynyň düzülişine, agzalyk şahadatnamalarynyň hasabynyň ýöredilişine hem üns berilýär.

Men şu gezekki okuw maslahatynda-da çykyş edip, oňa gatnaşýanlara bu meseleler barada maslahatlar berdim. Bize şeýle agzybir işlemäge uly mümkinçilikleri döreden hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz şäherlerimizi, etrap merkezlerimizi, şäherçelerimizi we obalarymyzy arassa, abadan saklanmagy, olary bagy-bossanlyga öwürmegi möhüm mesele hökmünde öňe sürýär. Bu barada Ahal welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Bäherden etrap jemagat hojalygy müdirliginiň işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Mekan Meredow şeýle diýdi:

— Bäherden etrap jemagat hojalygy müdirligimizde 92 işgär bolup, olaryň hemmesi kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň agzasy bolup durýar. Olar ilata edilýän jemagat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak barada uly işleri alyp barýarlar. Has takygy, guramamyzyň  etrabymyzy arassa, abadan saklamakda, bagy-bossanlyga öwürmekde ilatyň alkyşlarynyň eýeleri bolýarlar.

«Daýanç» sagaldyş merkezinde geçen bu okuw maslahaty biz üçm örän peýdaly boldy. Welaýatlardan, paýtagtymyzdan gelen kärdeşlerimiz bilen tejribe alyşdyk. Okuw maslahatynda öwrenenlerimizi iş ýüzünde durmuşa geçirip, ilkinji guramamyzyň işini has-da kämilleşdireris.

Daşoguz welaýat jemagat hojalygy birleşiginden kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Maýa Miriýewa hem bu okuw maslahatyna gatnaşanlaryň biri. Maýa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol öz işleri barada höwes bilen gürrüň berip başlady:

— Biziň bu okuw maslahatymyzda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda hasabat ýygnaklarynyň geçirilişi, iş meýilnamasynyň düzülişi, resmi iş kagyzlarynyň alnyp barlyşy we başga-da ençeme meseleler boýunça giňişleýin gürrüň edildi.

Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hasabynda ilkinji guramalaryň 16-sy bar. Şolaryň arasynda biziň ilkinji guramamyz hem işini göreldeli alyp barmakda öňdäkileriň hatarynda durýar. Men bu okuw maslahatyna ilkinji gezek gatnaşdym. Bu okuw maslahatyndan köp zatlary öwrendim. Şol öwrenenlerimi guramamyzyň işini has hem kämilleşdirmek üçin peýdalanaryn. Bize işlemäge, işi has kämil derejede alyp barmaga giň ýol açan Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyz çäksizdir.

Selbi Mollaýewa Lebap welaýat jemagat hojalygy birleşiginde kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Ol ajaýyp Awaza barada şeýle diýdi:

— Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren, dünýäniň merjen mekany bolan Awazanyň gözel görküne bu gün dünýä haýran galýar. Gün nuruna ýalkym saçýan myhmanhanalary göreniňde, göwnüň açylyp, ruhuň belende galýar. Okuw maslahatymyzyň şu ýerde geçirilmegine biz juda buýsanýarys. Ilkinji guramamyzyň işini kämilleşdirmekde bu okuw maslahatymyzyň örän ähmiýetlidigini aýdasym gelýär. Göwün göteriji ýerde geçirilýän okuwyň peýdasy hem uly bolýar.

Gözel görke beslenen, Hazaryň ajaýyp kenarynda ýerleşýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezi özüniň bagy-bossanlygy, saglyklaryny berkitmäge gelýänlere alyp barýan medeniýetli hyzmaty bilen göwün guşuňy al asmanda pelpelledýär. Men ilkinji guramamyzyň 43 agzasynyň adyndan halkymyza şeýle ajaýyp mekany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.

Söhbetdeşligimiziň dowamynda Rejepmyrat Hojamyradow:

— Men Mary welaýatyndan geldim — diýip söze başlady: — Özümem «Marywelaýatagyzsuw» birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy. Birleşigimizde 981 işgär bolup, olaryň hemmesi ilkinji guramamyzyň agzasy. Okuw maslahaty döwründe iş beriji bilen işgäriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, ilkinji guramanyň maliýe hasabatyny alyp barmak, işgärleriň durmuş we zähmet goraglylygyny üpjün etmek, tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini düşündirmek we beýleki meseleler boýunça edilen çykyşlar biz üçin peýdaly boldy. Bu okuw maslahatyna men bäşinji gezek gatnaşýaryn. Şeýle okuw maslahatynyň geçirilmegi, onda-da «Daýanç» ýaly ajaýyp ýerde geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan kärdeşler arkalaşygynyň agzalaryna goýýan hormaty diýip düşünýäris. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy- bossanlyga, şäherleriň içini dürli güller bilen lälezarlyga öwürmek barada uly alada edýär. Biziň häzirki söhbetdeşimiz Döwletmyrat Mämekow hem paýtagtymyzy gülzarlyga öwürýän Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň bagçylyk we gülçülik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

— Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň geçirýän bu okuw maslahatyna ikinji gezek gatnaşýaryn. Okuw maslahatynda çykyş edenler bilen gyzykly sorag-jogaplar alşyldy. Bu ajaýyp çärämiziň dowamynda sportuň woleýbol, basketbol, tanap çekmek ýaly görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi, welosipedli gezelençler guraldy. Bu sport ýaryşlaryna höwes bilen gatnaşdyk. Biz bu okuw maslahatyndan köp zatlary öwrendik, tejribämizi artdyrdyk. Bu ýerde öwrenenlerimizi işjeň agzalarymyza hem ýetireris. Biz şeýle okuw maslahatlarynyň geçirilişinden örän hoşal. Bize işlemäge şeýle mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan ajaýyp işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Okuw maslahaty, oňa gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, örän peýdaly we täsirli geçdi.

 

Orazdurdy ATAHANOW,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.