2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ROWAÇ GADAMLARYŇ WASPY

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýetilen belent sepgitleri wasp edýän gepleşikleriň, gysga göwrümli wideoşekilleriň ýokary teleoperatorlyk ussatlygy bilen taýýarlanylmagyny ga- zanmak maksat edinilip, ýurdumyzyň teleoperatorlarynyň arasynda «Rowaçlygyň wagyzçylary» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda, ýurdumyzyň teleoperatorlarynyň has zehinlilerini ýüze çykarmak, olary döredijilikli işlemäge höweslendirmek maksady bilen geçirildi. Ýakynda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşlerini beýan edýän wideoşekilleri taýýarlamakda ussatlygy bilen tapawutlanyp, «Rowaçlygyň wagyzçylary» bäsleşiginde baýrakly orunlara we höweslendiriji baýraklara mynasyp bolan operatorlary sylaglamak dabarasy boldy. Olara Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mili merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Rowaçlygyň wagyzçylary» ady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli ýerlerinden höwesjeň ýaş operatorlar bilen birlikde, tejribeli operatorlar hem gatnaşdy. Bäsleşige hödürlenen işler syýasy, ylmy-populýar hem-de terbiýeçilik temalaryny öz içine alýar. Olarda zähmete sarpa, dostluga hormat, ýurdumyzyň rowaç gadamlary wasp edildi.

Ýurdumyzyň ösüşlerini wasp etmek, wagyz etmek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şol sanda teleoperatorlaryň her biriniň jana-jan borjy bolup durýar. Şonuň üçin hem «Rowaçlygyň wagyzçylary» atly bu döredijilik bäsleşigi özboluşly ähmiýete eýedir.

 

Bilbil JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.