Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WATANSÖÝÜJILIK. AGZYBIRLIK. DÖREDIJILIK

14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Jemgyýetçilik guramalaryň binasynda jemgyýetçilik- syýasy guramalaryň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy, şeýle hem halkara derejede öňe süren başlangyçlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden – göni bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwletli maslahat ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk döretdi.

 

Nurýagdy MAMEDOW,

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri:

— Hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň işjeň alnyp barylmagynda jemgyýetçilik guramalarynyň, hususan-da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň mynasyp ornuny belledi. Milli| Liderimiz çykyşynda halk senetçiligi, maddy we ruhy gymmatlyk derejesine ýetirilen zatlaryň asyl nusgasynyň saklanmagy, baýlaşdyrylmagy dogrusynda aýtdy. Döwrümiziň ussatlaryň işini şöhratlandyrmagyň, wagyz etmegiň jemgyýetçilik guramalarynyň, aňyýet ulgamlarynyň işiniň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Munuň özi milli ruhly ýaşlary terbiýelemekde ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy aýap saklamakda, geljekki nesle ýetirmekde iň möhüm wezipeleriň biridir. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Döwleti syýasatynda, wagyz etmek işinde we ýaşlary terbiýelemekde, ilkinji nobatda ruhy mirasymyzy mysal hökmünde öňe sürmelidiris» diýip belledi. Bu meselede hemmeleriň tagallalarynyň zerurdygyny nygtap, «Arkalaşan dag aşar» diýen pähimi mysal getirdi.

Bu günki gün Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça ösüş ýolunyň taglymat esaslarynyň äşgär ýüze çykandygyny, munuň bolsa milli Liderimiziň döwleti dolandyrmaga paýhasly çemeleşmesiniň netijesi bolup durýanlygyny aýratyn bellemeli. Ulgamlaýyn hem-de tapgyrlaýyn amala aşyrylýan milli ösüş maksatnamalarynyň netijeli bolmagynyň esasy şerti alnyp barylýan işlere öňdengörüjilik bilen, örän oýlanyşykly çemeleşip, dünýäniň syýasy-ykdysady ýagdaýynyň her pursatda özgerip, üýtgäp durmagy bilen bagly ähli zerurlyklary öňünden nazara almakdan, ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly ähli meýilnamalary döwrüň we gabat gelýän ýagdaýlaryň talabyna görä özgerdip bolar ýaly, örän çeýelik bilen işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ösüş syýasatynyň iň täsirli tarapy-da üstünliklere ýetmegiň hemme ugurlarynda baş maksat hökmünde halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň öňe sürülýänligidir.

 

Milli Liderimiziň ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.