Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AÝDYM-SAZLY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda has-da aýdyň ösüşlere, maksatlardan myrat tapylýan beýik işlere beslenýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň her bir güni ösüşlere şan berýän medeni-köpçülik çärelerine, dabaraly maslahatlara, aýdym-sazly duşuşyklara utgaşýar.

Şeýle çäreleriň biri ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binasynda geçirilen «Rowaçlygyň, kämilligiň şuglasydyr Watanym» atly duşuşykdyr. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu duşuşyk Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan bilelikde guraldy.

 Duşuşyga Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, kitaphana işgärleri, gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda amala aşyrylýan ähli döwletli işlere — ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, parahatçylygy üpjün etmek, dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, eziz Diýarymyzyň içeri we daşary syýasatyny ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işlere, Gahryman Arkadagymyzyň bu ýyly alamatlandyran Rowaç taýçanagyny wasp edip döreden «Rowaç» atly şygryna we hormatly Prezidentimiziň sözlerine agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň döreden «Arzuw» atly aýdymyna bagyşlanan çykyşlar dabaranyň esasy özeni boldy.

Owadan Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde uly üstünliklere, rowaçlyklara, şanly wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyplyklar ýurdumyzyň zehinli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda, döredijilik bilen meşgullanýanlaryň okan ajaýyp şygyrlarynda, myhmanlaryň gyzykly çykyşlarynda uly orun aldy we olar dabara gatnaşanlaryň ruhuna ruh, şatlygyna şatlyk goşdy.

Şatlyk-şowhunly geçen aýdym-sazly duşuşyga gatnaşanlar şeýle ajaýyp döwürde döretmäge, gurmaga, zähmet çekmäge, ýüreklerinde beslän arzuwlaryna ýetmäge döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Jennetgül ORAZOWA,

«Watan» gazeti.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.