2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

KIÇI FUTBOL ÝARYŞYNDA

Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek, adamlaryň saglygyny berkitmek, ýaşlaryň arasynda sportuň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek hem-de «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilelikde sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş gurady. Kaka etrabyndaky sport mekdebinde geçirilen ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zähmetkeşlerden düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Bäsleşigiň açylyş dabarasynda birnäçe çykyşlar diňlendi. Onda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, bagtyýar ýaşamagy hem-de türkmen sportunyň dünýä derejesine çykarylmagy ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň edildi. Dabarada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş çekeleşikli geçdi. Toparlar ýaryşa örän taýýarlykly gelipdirler. Tapgyrlaýyn oýunlarda ýeňiji bolan toparlaryň türgenleri ýarym final duşuşygynda hem erjellik, ýeňşe bolan yhlas bilen gowy oýun görkezdiler. Ýaryşyň soňky aýgytlaýjy tapgyrlarynda Duşak kän we Gowşut kän müdirlikleriniň, Kaka nebit kärhanasynyň we Kaka pagta arassalaýjy kärhanasynyň ýygyndy toparlary güýç synanyşdylar. Oýunlarda derwezä geçirilen her bir pökgi futbol janköýerlerini begendirip, olara ruhy lezzet paýlady. Dartgynly pursatlara we pökgi urgularyna baý bolan oýunlaryň netijesinde Kaka nebit kärhanasynyň topary bilen Gowşut kän müdirliginiň topary finala çykdy. Ýaryşda iki topar hem öz ussatlygyny görkezdi. Ýöne ýaryşda ýeňiji bolmaly, onuň şerti şeýle. Netijede, ýaryşyň soňky, jemleýji oýnunda Kaka nebit kärhanasynyň topary birinji orna mynasyp boldy. Gowşut kän müdirliginiň ýygyndy topary bolsa baýrakly ikinji orny eýeledi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Döwran ATAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.