Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZENANLAR BÄSLEŞENDE

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bileti, Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda «Ýylyň zenany» bäsleşigini yglan etdi.

Bu bäsleşik Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň bilim edaralarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Darganata etrap bilim bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşi tarapyndan guraldy we şatlyk-şowhun bilen dabaraly ýagdaýda geçirildi.

«Zenan mähek daşydyr» diýen pähimi döreden ata-babalarymyz jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde zenanyň hyzmatyna örän ýokary baha beripdir. Zenanlar maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy. Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuny, olaryň maşgala ojagyny berkitmek, nesillerimiziň saglygyny goramak, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan saldamly goşandyny görkezmek wajypdyr.

Bäsleşikde «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin» diýen ugur boýunça 9-njy orta mekdebiň işgäri Ogulşirin Töräýewa, Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Bägül Agabaýewa; «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça 14-nji orta mekdebiň mugallymy Amansoltan Kazakowa, 4-nji «Bägül» çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Şabibi Sultanowa; «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça 7-nji «Merjen» çagalar bagynyň terbiýeçisi Göwher Nurmyradowa, 13-nji «Arzuw» çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Güljahan Aşyrowa dagy bilim edaralarynyň arasynda ýeňiji bolup, etrap tapgyryna gatnaşmaga mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara we işjeň gatnaşan zenanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Nazar ВABAMYRADOW,

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Darganata etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.