2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

USSATLAR SAÝLANDYLAR

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işler «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly täze rowaçlyklar bilen başlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen eşretli zamanada ýaşaýan zenanlarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüş-özgerişlerinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan belent sepgitlerde mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň gelin-gyzlarymyza goýýan sarpasy, jemgyýetimizde zenan mertebesi hemişe belentdir. «Biz zenanlarymyzyň ruhy-ahlak paýhas we zähmet mümkinçiliklerine ýokary baha berýäris» diýip, aýal-gyzlaryň jemgyýetimiziň öňünde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýär.

Halkara zenanlar gününiň her ýyl döwlet derejesinde giňden bellenilme- gi biziň ýurdumyzda aýal-gyzlara goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýär. Ýakynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Medeniýet öýünde Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, etrabyň zenanlar guramasy bilen bilelikde etrabyň aýal-gyzlarynyň gatnaşmagynda dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşik tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä: 1-nji ýere etrapdaky 59-njy orta mekdebiň mugallymy Irada Latibowa, 2-nji orna 19-njy orta mekdebiň mugallymy Kurbanaý Saparbaýewa, 3-nji orna 44-nji orta mekdebiň mugallymy Güljan Kakaýewa, 63-nji orta mekdebiň mugallymy Nurnabat Taganowa mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, etrap Zenanlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabarada aýdym-saza uly orun berildi. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şeýle çäreleri yzygiderli geçirip, üstümizdäki ýylyň üstünliklere beslenmegini gazanmaga mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlas görkezýärler.

 

Oraz DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.