2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ROWAÇLYGYŇ MIWESI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda, milli däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmäge, bäsleşikleri, sergileri guramaga, ýaşuly nesiller bilen duşuşyklara giň gerim berilýär.

Şeýle çäreleriň biri «Ýylyň zenany» bäsleşigidir. Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Etrek etrap bölüminiň guramagynda, «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşaýan gelin-gyzlarymyz özleriniň başarnygyny, zehinini, halal zähmetini, ruhubelentligini, edep-ekramyny bäsleşigiň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşikde her bir bellenilen ugur boýunça öňe saýlanan zenanlar welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňiji bolan zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Çärede zenanlara goýýan sarpasy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlar aýdylyp, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, döwletli işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklar arzuw edildi.

 

Nurbike GÖKJÄÝEWA,

Etrek etrap medeniýet bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.