2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

HASABAT ÝYGNAKLARY GEÇIRILÝÄR

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň düzümine girýän ilkinji guramalarda geçirilýän hasabat ýygnaklary giň gerime eýe bolýar.

Geçirilmegi meýilleşdirilen ýygnaklaryň gün tertibine jemgyýetçilik guramasynda geçen hasabat döwründe bitirilen işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýeti, olary ilat arasynda wagyz etmek barada pikir alyşmalar ýaly meseleler girizildi.

Hasabat ýygnaklarynda, şeýle hem «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň iş meýilnamalary tassyklanyldy. Il-günümizi nurana geljege, eşretli günlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

Maksat ORRYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.