Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«ENELERIŇ GÖRELDESI — NESILLERIŇ ÝÖRELGESI» ATLY WAGYZ NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Tejen şäher Medeniýet öýünde Tejen etrabynyň zenanlar guramasynyň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda, «Eneleriň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda, bilim ulgamynda, daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler hem-de orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işleriň gerimini has-da ýaýbaňlandyrmak, olary jemgyýetçilik işlerine işjeň çekmek, wagtlaryny peýdaly işlere sarp etmeklerine höwes döretmek, gyzlaryň arasynda maşgala gymmatlyklaryny, ahlak terbiýesini we düzgün-tertibi berjaý etmegi, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmagyň möhümdigini bellediler. Ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgerişlikler bilen ýakyndan tanyşdyryp, ýaşuly nesliň görüm-göreldesine eýermek ýaly asylly däpleri dowam etdirmek, il-günüňe, Watanyňa wepaly bolmak ýaly ýagşy gylyklary ündediler.

Çäräniň dowamynda edep-ekramly nesliň ýetişmegi ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

 

Aýjeren KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň hünärmeni.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.