2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

TÄSIRLI GEÇEN OKUW MASLAHATY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maksatlary myrat tapýan halkymyzyň her bir tutumly işleri rowaçlyklara beslenýär. Diýarymyzda ýetilen beýik üstünlikleri, gazanylýan ýeňişleri giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar zähmetkeşlere zähmet hukuklary we olaryň borçlary barada giň düşünje bermekde, zähmet hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek-de, resminamalaryň dogry we dürs alnyp barylmagynda dürli pudaklar boýunça Geňeşleriň, welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň, edaradyr kärhanalardaky ilkinji guramalaryň başlyklarynyň, hasapçylarynyň we derňew toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda ýörite okuw maslahatlary yzygiderli geçirilip durulýar.

Şeýle okuw maslahatlarynyň biri ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleriniň bilelikde guramagynda, «Bagtyýarlyk döwrümde rowaçlanýar gadamlar» diýen at bilen geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli ýerlerinde zähmet çekýän Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, derňew toparynyň agzalary, gaznaçylary we işjeňleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek-de, nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümleri döretmekde ägirt uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatlary barada «Marynebitgurluşyk» trestiniň 1-nji Awtoulaglar kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Amanmyrat Kulyýew giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan içeri we daşary syýasaty barada edilen çykyşlar maslahata gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Maslahatda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň amala aşyrýan işleri barada, ata Watanymyzda ýetilen beýik sepgitleri dünýä ýaýmakda edilmeli işler dogrusynda hem pikir alşyldy.

Maslahatyň dowamy Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň guran ajaýyp aýdym-sazly konserti bilen utgaşdy.

Okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşanlar her gün säher bilen Hazaryň jana ýakymly howasynda, deňiz ýakasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem ildeşlerimiz «Daýanç» sagaldyş merkeziň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bejeriş otaglaryndan, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynda beýan edilen ösümliklerden taýýarlanylan suwly wannalardan, dynç almak üçin döredilen ähli mümkinçiliklerden uly höwes bilen peýdalandylar.

«Bagtyýarlyk döwrümde rowaçlanýar gadamlar» atly okuw maslahatyna gatnaşanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:

 

Gülnar TEKÄÝEWA,

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

— «Awazada» geçirilen bu okuw maslahatynda kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary bilen alnyp barylýan işleriň dogry we dürs ýola goýulmagy barada düşündiriş işlerine giň ähmiýet berildi. Diýarymyzyň çar künjünden gelen ildeşlerimiziň eden çykyşlary diýseň täsirli boldy. Adam hakynda aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygy, ilatymyzyň durmuş-zähmet hukuklarynyň yzygider ýokarlanýandygy barada edilen gürrüňler öz beýanyny tapdy. Bize şeýle ajaýyp zamanada işlemäge, döretmäge, yhlasly zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin mähriban Prezidentimize tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys!

 

Ýagşymyrat AŞYROW,

«Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

— Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň ähli künjegi gözel keşbe beslenip tanalmaz derejede ösýär we özgerýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem bu günki günde özgerýär we daşary ýurtly myhmanlaryň gelim-gidimli ýerine öwrülýär. Gojaman Hazara ýaraşyk berýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän myhmanhanalar, ajaýyp seýilgähler, sport desgalary bu günki günde ähli pasyllarda hem halkymyza hyzmat edýär. Biziň halkymyz üçin ajaýyp eşretleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Gulmyrat MOSANOW,

«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

— «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyna täze arzuw-maksatlar bilen gadam basdyk. Ýurdumyzyň nebit- gaz pudagynyň ösmegi we toplumyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilýär. Okuw maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty barada, Watanymyzda gazanylýan üstünlikler dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Bu okuw maslahaty «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň çäklerinde gazanylýan şeýle üstünliklerde kanunçylyk namalarynyň möhüm ähmiýeti barada nygtaldy. Ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň hukuklaryny, bähbitlerini goramakda, iş resminamalarynyň dürs we dogry ýöredilmegini üpjün etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň öňünde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin düşünje berildi. Şeýle okuw maslahatlaryny geçirmäge, işlerimizi has-da kämilleşdirmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdýarys!

 

Bahar ÖWLIÝAGULYÝEWNA

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe pagta egriji fabriginiň ykdysatçy hünärmeni:

— Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Bagtyýarlyk döwrümde rowaçlanýar gadamlar» diýen at bilen geçirilen okuw maslahaty bizde uly täsir galdyrdy. Birnäçe günläp dowam eden maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty, Watanymyzda gazanylýan üstünlikler barada buýsanç bilen bellediler. Maslahatda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen ildeşlerimiziň her biriniň yhlasly zähmet çekmegi we dynç almagy babatda, kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin düşünjeler berildi. Mundan başga-da biz boş wagtlarymyz bu merkeziň sagaldyş we dynç alyş merkezlerindäki mümkinçiliklerinden peýdalandyk. Şunuň ýaly giň mümkinçilikleri döredip beren mähriban Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Hemragül HOJYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy:

— Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ata Watanymyzyň her bir güni bedew batly rowaçly ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň üns-aladasyndan hem-de eziz Diýarymyzda gazanylýan ajaýyp ösüşlerden, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyndan ruhlanyp, ýurt möçberinde alnyp barylýan okgunly özgertmelere mynasyp goşandyny goşmak maksady bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi hem netijeli işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýeten bagtyýar we bolelin durmuşyny wagyz etmekde dabaraly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny yzygiderli guraýarys. Zähmetkeşleriň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek üçin sportuň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda sport bilen yzygiderli meşgullanmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Sona ATAÝEWA,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Gurbansoltan eje adyndaky dokma fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

— «Daýançda» geçirilen okuw maslahaty örän täsirli boldy. Köp ýyllardan bäri işlenip gelýän kärdeşlerimiziň çykyşlary gyzykly boldy. Olardan sowal-jogap arkaly köp zatlary öwrendik. Şeýle-de maslahatyň çäklerinde geçirilen medeni-köpçülikleýin çäreler örän gyzykly boldy, bize lezzet paýlady. Bu günki gün bu gözel künjegi görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Ýylyň ähli paslynda-da halka uly guramaçylykly hyzmat edýän şeýle sagaldyş merkezlerinde hem tejribe alyşmaga, hem saglyklarymyzy berkitmäge döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Jeren ATAÝEWA,

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.