2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

"BAGTYÝAR DÖWRÜNDE ROWAÇLANÝAR GADAMLAR" ATLY OKUW MASLAHATY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň (TKAMM) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde.Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi we Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan «Bagtyýarlyk döwründe rowaçlanýar gadamlar» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň nebitgaz we dokma senagatyndan KA-nyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we agzalary gatnaşdy. Maslahatyň geçirilen günlerinde 28-nji ýanwar - 2-nji fewral aralygynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda (KAIG) statistik hasabatyny ýöretmek, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek, sport bäsleşikleriniň düzgünnamalaryny taýýarlamak hakynda, edara-kärhanalarda köpçülikleýin şertnamalary baglaşmak we olaryň ýerine ýetirilişi barada, KA-nyň işini mundan beýläk ösdürmek we kämilleşdirmek barada pikir alşyldy.

Şeýle-de maslahatyň barşynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň wezipeleri, KA-nyň ilkinji guramalarynda barlag-derňew işleriniň geçirilişi, zähmet gatnaşyklary we işgärleriň zähmetiniň goragyna bolan hukuklary, Türkmenistanyň zähmet kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, KA-nyň ilkinji guramalarynda maliýe resminamalarynyň alnyp barlyşy, olaryň düzgüni barada sorag-jogap alşyldy. Okuw maslahatynyň dowamynda kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri, KA-nyň tertipnamasynyň we tassyklanan düzgünnamasynyň ýerine ýetirilişi, wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýeti, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek hakynda kabul edilen maksatnamalar we olary durmuşa geçirmekde KA-nyň öňünde durýan wezipeler, zähmet borçlarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary her günde türkmen halk we döwrebap estrada aýdymlaryny ýerine ýetirip, diýseň şüweleňli we gyzykly konsertleri gurady. Türkmenbaşy şäherinde TNGIZT-niň medeni merkezinde zawodlar toplumynyň we Medeni-işewürlik merkeziniň bilelikdäki konserti hem maslahata gatnaşyjylarda hem-de zawodlar toplumynyň zähmet köpçüliginde ýakymly täsir galdyrdy.

Mahlasy geçirilen medeni sport çäreleri, işewürlik duşuşyklary «Daýanç» sagaldyş merkeziniň her gün agşamlyk naharyndan soň guraýan medeni aýdym-saz, tans, şüweleňleri, bäsleşikleri we oýunlary okuw maslahatynyň has-da netijeli we ruhubelentlik ýagdaýynda geçmegine itergi berdi.

 

Mämmet MÄMMEDOW




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.