Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞAHSY BIRINJILIKDE

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli Änew şäherindäki sport mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça aýal-gyzlaryň arasynda welaýatyň şahsy birinjiligi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli ýerinden aýal-gyzlaryň onlarçasy gatnaşdy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşyň esasy maksady, zenanlaryň arasynda akyl-paýhas oýnunyň meşhurlygyny artdyrmakdan, aýal-gyzlary küşte giňden çekmekden we ussatlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybarat boldy. Şahsy birinjilige gatnaşan gelin-gyzlaryň her biri garşydaşyndan üstün çykmak üçin başarnygyny doly derejede görkezdiler. Bu bolsa, ýaryşyň gyzykly geçmeginde örän ähmiýetli boldy.

Ýaryşyň netijesinde Gökdepe etrabyndan Güljemile Saparowa birinji, şol etrapdan Oguljeren Saparowa ikinji, Babadaýhan etrabyndan Bagtygül Gylyjowa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Döwrangeldi HOJAMGULYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.

 

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.