2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARY WE RAÝAT JEMGYÝETI

Kabul edilýän täze kanunlar we kadalaşdyryjy namalar jemgyýetçilik birleşikleriň ähmiýetini, olaryň jemgyýetde tutýan ornuny artdyrmaga, şeýle hem raýat jemgyýetini ösdürmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik guramalarynyň işine uly üns berýär. Hususan-da, 2017-nji ýylyň 17 - nji awgustynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň dabaraly açylyşynda jemgyýetçilik birleşikleriniň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda, döwletimizde we jemgyýetimizde geçirilýän demokratik özgertmelerde möhüm orun tutýandygy barada ýörite nygtap geçdi. Raýat jemgyýeti ösen demokratik döwletlere mahsusdyr. Her bir demokratik döwlet raýat jemgyýetiniň institutlaryny ösdürmäge we kämilleşdirmäge çalyşýar, olaryň döwlet häkimiýet ulgamynda hakyky tutýan ornuny kesgitleýär, wezipelerini takyklaýar we aýdyňlaşdyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynda raýat jemgyýeti barada düzgünler ilkinji gezek öz beýanyny tapdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasynda: «Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler» diýlip bellenilýär. Mundan başga-da, Konstitusiýanyň 19-njy maddasynda: «Syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we gaýry gurluşlaryň taglym ulgamy raýatlar üçin hökmany häsiýete eýe bolup bilmez» diýilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 44-nji maddasyna laýyklykda: «Raýatlar Konstitusiýasynyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar» diýlip bellenilýär.

Şeýlelikde, jemgyýetçilik birleşiklerine jemleşmek we ony döretmek raýatlaryň konstitusion hukugy hökmünde ykrar edildi. Konstitusion kadalardan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda «Syýasy partiýalar hakynda», 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hakynda», 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», 2013-nji ýylyň 9-njy noýabrynda «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda», 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda «Jemgyýet birleşikleri hakynda», 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň esasy kanunçylyk binýady döredildi.

Raýat jemgyýetini ösdürmekde we ony kämilleşdirmekde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary möhüm orny tutýar. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary raýat jemgyýetiniň binýady, iň iri jemgyýetçilik birleşmesidir, onuň düzüm dörediji binýadydyr. Döwlet öz gezeginde raýat jemgyýetiniň ösmegine we onuň kämilleşmegine ýardam berýär we kepil geçýär. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary meýletin, telekeçilik işini amala aşyrmaýan öz-özüňi dolandyrýan raýat jemgyýetiniň başlangyjy bilen döredilýän jemgyýet birleşigidir. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň maksady iş berijiler bilen özara gatnaşyklarda kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet we başga hukuklaryny we bähbitlerini aramakdan we goramakdan ybaratdyr. Onuň esasyny demokratik ýörelgeler tutýar.

Türkmenistanda durmuş-ykdysady institutlaryň işjeň ösmegi raýatlaryň kärdeşler arkalaşygyna birleşmegi üçin zerur şertleri döretdi. Beýleki tarapdan, syýasy ulgamyň ösmegi we kämilleşmegi hem kärdeşler arkalaşyklary hereketiniň mundan beýläk-de ösmegi üçin belli bir derejede amatly şertleri döretdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen 2013-nji ýylyň 9-njy noýabrynda kärdeşler arkalaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunyň ähmiýeti örän uludyr. Meselem, Kanun kärdeşler arkalaşyklaryny döretmegiň we olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklaryny we işleriniň kepilliklerini kesgitleýär. Kanuna laýyklykda, kärdeşler arkalaşygy özüniň guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça syýasy maksat tutmaýan jemgyýetçilik guramasydyr. Kärdeşler arkalaşyklary Türkmenistanyň çäginde bitewi bir ulgam bolup, öz agzalarynyň zähmet we onuň bilen baglanyşykly beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de olary goramak, zähmeti gorap saklamak we onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünär bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramasydyr.

Kanunda kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň kepillikleri uly orun tutýar, döwlet kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin onuň hukuklarynyň berjaý edilmegini kepillendirýär. Kärdeşler arkalaşyklary 1 million 130 müňden hem gowrak agzadan ybarat bolup, özünde 14 sany pudaklaýyn Geňeşi, 5 welaýat, 45 etrap we 9 şäher birleşmesini jemleýär. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary ýurdumyzda biziň döwletimiziň halkara at-abraýyny artdyrmaga, şeýle hem raýat jemgyýetini ösdürmäge öz goşandyny goşýar.

Kanunyň kabul edilenine 5 ýyl boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda Kanun özüniň kuwwatlygyny, döwrebaplygyny we zerurlygyny iş ýüzünde görkezdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklary işlerini öz Tertipnamasyna görä, şeýle-de kanunalaýyklykda alyp barýarlar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň öz esasy wezipelerini: işgärleriň zähmet we durmuş-ykdysady hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, goramagy netijeli, üstünlikli amala aşyryp bildigiçe, olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde tutýan ornunyň barha pugtalanjakdygyna şek-şübhe bolup bilmejekdigini bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde häzirki wagtda kärdeşler arkalaşyklaryndan öz işiniň görnüşlerine we usullaryna, şeýle hem adaty jemgyýet üçin doly ulanarlykly ideologiýasyna hem täzeden garamak talap edilýär. Şu döwrüň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary giň tejribe toplady, öz işiniň usullaryny we görnüşlerini kämilleşdirdi hem-de olary döwrebaplaşdyrdy, halkara gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Kärdeşler arkalaşyklary öz esasy wezipelerini netijeli we üstünlikli amala aşyrýar, olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekdäki hem-de raýat jemgyýetini ösdürmekde tutýan orny barha pugtalanýar. Kärdeşler arkalaşygy öz işinde halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmaga we degişli şertnamalary baglaşmaga bolan hukugyna esaslanyp, 2017-nji ýylyň l23-nji aprelinde Daşkent şäherinde «Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary bilen Özbegistan Respublikasynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda» Ähtnama gol çekildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri daşary ýurt döwletleriniň halkara forumlaryna, şeýle hem maslahatlaryna gatnaşýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde uly wezipeler durýar. Bir tarapdan, kärdeşler arkalaşyklary iş berijiler bilen gatnaşyklarda zähmet köpçüliginiň bähbitleriniň kanuny wekilidir. Beýleki tarapdan, kärdeşler arkalaşyklary amaly hukuk goraýyş işiniň subýekti hökmünde çykyş edýär, işgärleriň hünär we beýleki hukuklaryny goraýar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň şu aýratyn statusy (derejesi) halkara kärdeşler arkalaşyklary hereketiniň Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan kesgitlenilen esasy taglymlaryň aýdyň beýanydyr. Şu günki gün Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň Konwensiýalarynyň dokuzysyna gatnaşýar.

Görşümiz ýaly, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işi kämilleşýär we özgerýär. Kärdeşler arkalaşyklary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty hemmetaraplaýyn goldamagy, şu günki günüň esasy gymmatlyklaryny halkyň arasynda yzygiderli düşündirmegi, ýaşlary watançylyk, türkmen halkynyň däp-dessurlary we adatlary, şöhratly taryhy geçmişiniň mirasdüşerleri ruhunda terbiýelemegi öz borçlary hasap edýär. Kärdeşler arkalaşyklary biziň durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň kanunçylyk binýady ösýär, olaryň jemgyýetde tutýan orny hem pugtalanýar, kämilleşýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary raýat jemgyýetiniň, şeýle hem milletiň ruhy galkynyşynyň kemala gelmeginde, jemgyýetiň agzybirliginiň we jebisliginiň pugtalandyrylmagynda, ýurtda ählumumy özgertmeler boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär.

 

Myrat HAITOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň baş hukuk gözegçisi,

Türkmenistanyň at gazanan ýuristi,

ýuridiki ylymlaryň doktory,

professor.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.