Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - HALK HÄKIMIÝETINIŇ IŇ MÖHÜM INSTITUTY

2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bolup geçen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeler bilen berk baglanyşykly we halkymyz üçin ykbal çözüji ähmiýeti bolan birnäçe möhüm meselelere garaldy. Hususan-da, Ýaşulular maslahatynyň hukuk ýagdaýyny üýtgetmek we ony Türkmenistanyň Halk Maslahatyna öwürmek baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ilkinji gezek Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Konstitusiýasynda döredilendigini ýatlatmak gerek. Onuň ilkinji mejlisi 1992-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-inde geçirildi we ol 1992-2008-nji ýyllar aralygynda hereket etdi. Şu döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 21 sany mejlisi geçirildi. Şol ýyllarda Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň birnäçe gezek üýtgedilendigini bellemek gerek. Mysal üçin, ilkibaşda 1992-nji ýyldaky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 45-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň hemişe işleýän iň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde häsiýetlendirildi. Ýöne Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň kämilleşdirilmeginiň dowamynda onuň hukuk kesgitlemesi düýpli özgerdi. Mysal üçin, 2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi netijesinde, Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň hemişe işleýän iň ýokary wekilçilikli edarasy, iň ýokary döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ygtyýarlyklaryna eýe bolan edara hökmünde häsiýetlendirildi. Şeýle hem onuň 2507 agzadan ybarat bolan düzümi kesgitlenildi. Halk wekilleriniň 2507 agzasynyň 60-sy - her etrapdan bir wekil halk tarapyndan göni saýlaw arkaly saýlanyldy. Şeýle hem Konstitusiýanyň 4-nji maddasyna düzediş girizildi we şoňa laýyklykda döwlet häkimiýeti Halk Maslahatyna, kanun çykaryjy häkimiýete, ýerine ýetiriji häkimiýete we kazyýet häkimiýetine bölündi.

Şondan başga-da, 2006-njy ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 46-njy maddasyna käbir üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi netijesinde Halk Maslahatynyň düzümi giňeldildi, ýagny oňa şäherleriň we etraplaryň häkimleri, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary girizildi. Şonuň bilen birlikde, Mejlisiň käbir ygtyýarlyklary Konstitusiýadan aýrylyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna berildi. Mysal üçin, Konstitusiýanyň 48-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň ygtyýarlaryna: a) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek; b) halkara şertnamalary tassyklamak we ýatyrmak; ç) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak degişli edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýy 2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda berkidildi.

Şeýlelikde, 2003-nji ýylda konstitusion kadalaryň kämilleşdirilmegi netijesinde Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň hemişe işleýän iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, ol iň ýokary döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ygtyýarlyklaryna, kanun çykaryjy häkimiýetiň aýratyn wezipelerini ýerine ýetirmek hukugyna eýe boldy. Ol kanun çykaryjy häkimiýetiň parlament däl görnüşdäki hukuk ýagdaýyna eýe boldy . Şular ýaly hukuk ýagdaýly Halk Maslahaty 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabryna çenli hereket etdi.

2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Halk Maslahaty ýatyryldy, onuň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda täzeden bölüşildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary XXI mejlisinde eden çykyşynda «Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimiziň abadançylygyny üpjün etmekde we berkitmekde möhüm orun eýeledi... Onuň täze Galkynyş we beýik özgertmeler döwründäki ornuna täzeden seretmegi makul bildik. Jemgyýetimizde we döwletimizde ykdysady hem-de sosial öňegidişligi üpjün etmek maksady bilen, biziň pikirimizçe, bu guramany döwlet derejesinde ýatyrmaly. Onuň hukuklaryny bolsa Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Mejlisine bermeli. Türkmenistanda Konstitusion gurluşyň tejribesi seljerildi we çuň öwrenildi. Şonda biziň ýokary döwlet häkimiýetimizde we häzirki şertlerde ýurdy dolandyrmak ulgamynda Halk Maslahatynyň ornunyň we zerurlygynyň ýokdugy ýüze çykaryldy. Şoňa görä Konstitusiýa üýtgetmeleri girizýän döwrümizde biz Halk Maslahatyny bu ulgamdan aýyrmaly diýen netijä geldik» diýip nygtady.

Halk Maslahaty ýatyrylandan soň, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirilip başlandy. Olarda Türkmen döwletini we jemgyýetini geljekde ösdürmegiň möhüm meseleleri, ýurdumyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary, onuň halkara at-abraýyny ýokarlandyrmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Konstitusiýanyň, kanunlaryň taslamalary makullanyldy.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty döwlet edarasy däldi, şonuň üçin hem onuň hukuk ýagdaýy Esasy Kanunda berkidilmändi. Oňa jemgyýetçilik başlangyçlarynda hereket edýän maslahat beriji häsiýetli gurama hökmünde garamak bolar. Şeýle häsiýetlere eýe bolan Ýaşulular maslahaty hökmany ýerine ýetiriji güýje eýe bolan hukuk namalaryny kabul etmeýärdi, asla kabul hem edip bilmeýärdi. Şonuň netijesinde, Ýaşulular maslahatynyň mejlisleriniň gün tertibine çykarylýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soň, hukuk nukdaýnazaryndan garanyňda, olar logiki taýdan tamamlanmadykdy. Şondan başga-da, öz adyna garamazdan, Ýaşulular maslahatynyň işine ilatyň ähli gatlaklary, şol sanda ýaş wekiller we beýlekiler hem gatnaşýardy. Bularyň jemi Ýaşulular maslahatyny başga bir edara, ýagny onuň ady mazmunyna we hukuk ýagdaýyna laýyk gelýän edara öwürmek zerurlygyna getirdi. Bu mesele boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017- nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «...Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň döwletimizde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak üçin, men onuň hukuk ýagdaýyny üýtgetmegi we gurluşyny özgertmegi teklip edýärin. Bu maslahaty Türkmenistanyň Halk Maslahaty diýip atlandyrsak, şeýle hem onuň işine halkymyzyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin, düzümini giňeltsek, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýip nygtady.

2017-nji ýylda Ýaşulular maslahatynyň Halk Maslahatyna üýtgedilmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň düýpli konstitusion nowellasy bolup durýar. Halk Maslahatyň hukuk ýagdaýy Konstitusiýanyň 6-nji maddasynda we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Konstitusion kanunda berkidildi. Häzirki wagtda Halk Maslahatyny kesgitli häsiýetli sypatlar tapawutlandyrýar. Birinjiden, Konstitusion kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Bu bolsa, onuň Türkmenistanyň ähli halkynyň, ilatyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini araýandygyny aňladýar. Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylaryň düzümi iki bölekden, ýagny wekilçilikli (wezipe boýunça) we saýlawly (jemgyýetçiligiň wekilleri) ýaly böleklerden ybaratdyr. Halk Maslahatynda wezipe boýunça halkyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy, Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler.

Halk Maslahatynyň saýlawly bölegi (jemgyýetçiligiň wekilleri) welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanýan jemgyýetçiligiň wekillerinden ybarat. Şeýlelikde, maslahatyň saýlanýan bölegi ilatyň gatnaşmagyndaky göni saýlawlar arkaly däl-de, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň derejesindäki häkimiýetiň ýerli edaralarynyň mejlislerindäki saýlawlaryň hasabyna kemala gelýär. Olaryň sany degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň ilatynyň sanyna barabarlykda kesgitlenýär. 2017-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Konstitusiýanyň kadalaryndan ugur alyp, 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Agzalan Kanunyň 6-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar. Öz gezeginde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary gizlin ses bermek arkaly jemgyýetçiligiň wekillerini («Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 12-nji maddasynyň 2 bölegine laýyklykda) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine saýlaýarlar. Şeýle hem, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary («Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynyň 2 bölegine laýyklykda) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary bolup durýarlar.

Ikinjiden, mälim bolşy ýaly, konstitusion kadalarda häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň birnäçesi göz öňünde tutulandyr. Olar: Türkmenistanyň Mejlisi (Konstitusiýanyň 77-nji maddasy) we welaýat, etrap we şäher halk maslahatlary (Konstitusiýanyň 109-njy maddasy) döwlet häkimiýet edaralar ulgamynyň özbaşdak bölegi bolup durýar (Konstitusiýanyň III Bölümi). Emma görkezilen edaralar häzirki wagtda öz aralarynda düýpli gatnaşyklara eýe däldir. Olaryň arasynda dowam edýän gatnaşyklar gysga wagtlaýyn häsiýete eýe bolmagynda galýar. Şu manyda alanyňda, Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň anyk kesgitlenmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Ol häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna ulgamlaýyn häsiýet berýär.

Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen, ýurtda häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň kesgitli bir kada esasynda meseläni çözmek tärleriniň täze ulgamy kemala gelýär. Oňa Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär we ol özünde ýerli (onuň aşaky edaralary) - welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryny jemleýär. Bu babatda döwlet Baştutany 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda bolup geçen Ýaşulular maslahatynyň mejlisinde: «...Ýerli edaralar hakynda aýtmak bilen, men häzirki wagtda hereket edýän etrap, şäher hem-de welaýat halk maslahatlaryny göz öňünde tutýaryn. Wekilçilikli bu edaralary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýerli edaralary hökmünde resmileşdirsek, biz olaryň netijeli işlemegi üçin şertleri dörederis diýip pikir edýärin» diýip aýratyn belledi.

Üçünjiden, Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryna möhüm döwlet ähmiýetli meseleler degişli edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we makullaýar, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar we makullaýar, Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmelerini diňleýär, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar.

Dördünjiden, öňküden tapawutlylykda, häzirki Halk Maslahaty Konstitusiýany, konstitusion kanunlary kabul etmeýär we olara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmeýär, ýagny ol kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyryjy parlament ygtyýarlyklaryň ulgamyna goşulyşmaýar. Halk Maslahaty döwlet häkimiýetini aýrybaşgalamak konsepsiýasyna girmeýär we döwlet häkimiýet edarasy hökmünde çykyş etmeýär. Ol Türkmenistanyň ähli halkynyň bähbidine wekilçilik edýän edara hökmünde çykyş edýär. Beýan edilen hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Halk Maslahaty görkezilen hukuk namalarynyň taslamalaryna öňünden garaýar we olary makullaýar. Konstitusiýany we konstitusion kanunlary kabul etmegiň tertibi üýtgemeýär, sebäbi bu işler Türkmenistanyň Mejlisiniň (Konstitusiýanyň 81-nji maddasynyň 1-nji bendi) ýa-da ählihalk sala salşygynyň (Konstitusiýanyň 142-nji maddasy) konstitusion erk-ygtyýary bolup durýar.

Bäşinjiden, Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklaryna ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmelerini diňlemek degişli edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýüzlenmeleri döwlet Baştutanynyň ýakyn geljekde Türkmenistany ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän maksatnamalaýyn syýasy-hukuk resminamalary bolup durýar. Olar döwletiň içeri we daşary syýasatyny alyp barmagyň esasy syýasy, ykdysady we ideologik häsiýetli ugurlaryny özünde jemleýär.

Altynjydan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça kabul edilýän çözgütler kararlar görnüşinde onuň mejlislerine gatnaşýan agzalarynyň umumy sanynyň ýönekeý köplüginiň ses bermegi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen kararlaryň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmany güýji bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary diňe onuň özi tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini özleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy- hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we beýleki döwlet edaralary ýerine ýetirýärler.

Ýedinjiden, häzirki Halk Maslahatynyň tapawutly tarapy, onuň Prezidiumdan we Diwandan durýan içki guramaçylyk düzümi bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän hemişelik hereket edýän kollegial edaradyr. Prezidium aşakdaky agzalardan ybaratdyr: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň başlyklary. Prezidiuma Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy baştutanlyk edýär. Halk Maslahaty hakyndaky Konstitusion kanun Prezidiumyň ygtyýarlyklaryny kesgitledi. Prezidium: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär, eger Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan başga çözgüt kabul edilmedik bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesini, wagtyny we ýerini kesgitleýär, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen baglanyşykly we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 18-19-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň we agzalarynyň işini guramaçylyk, tehniki we beýleki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine, onuň beýleki çärelerine guramaçylyk we maddy-tehniki taýdan hyzmat etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna meseleleri taýýarlamak we resminamalaryň taslamalaryny deslapdan ara alyp maslahatlaşmagy guramak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda gelip gowuşýan teklipleri we bellikleri hasaba almak we umumylaşdyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilýän meseleler boýunça teklipleri taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek, raýatlaryň tekliplerine we beýleki ýüztutmalaryna garamak, olary umumylaşdyrmak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resminamalaryny çap etmegi guramak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlary taýýarlamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň alyp barmagyna degişli edilen beýleki meseleleri çözmek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine degişli meseleler boýunça borçlary ýerine ýetirmek üçin onuň Diwanynyň döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we wezipeli adamlardan zerur maglumatlary we resminamalary almaga hukugy bardyr.

Sekizinjiden, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we beýleki edaralary bilen özara gatnaşygyň «iki derejeli» görnüşde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, birinji derejäni döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bilen amala aşyrýan gatnaşygy hökmünde göz öňünde getirmek mümkin, sebäbi Halk Maslahaty we ýerli halk maslahatlary häkimiýetiň ýerli wekilçilikli edaralarynyň bütewi ulgamy bolup çykyş edýärler. Halk Maslahatynyň aragatnaşygy maglumatlary alyşmak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek, dürli seljeriş-maglumat serişdelerini, usulyýet görkezmelerini we gollanmalaryny taýýarlamak, ýerli halk maslahatlarynyň maglumatlaryny diňlemek we ş.m. görnüşinde ýüze çykyp biler.

Ikinji dereje Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklary we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklaryny görkezýär. Ol Halk Maslahatynyň raýat jemgyýetiniň dürli institutlarynyň özara gatnaşyklaryny şöhlelendirýär. Halk Maslahatynyň özara gatnaşyklary, mysal üçin, bilelikde okuwlary, maslahatlary geçirmek, Halk Maslahatyň geçiren mejlisleriniň netijesini dürli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek, kabul edilen çözgütleri giňden ara alyp maslahatlaşmak görnüşinde bolup biler. Şondan başga-da, Halk Maslahatynyň mejlisleriniň netijesi boýunça, özleriniň düzgünnamalaýyn wezipeleri bilen bir hatarda jemgyýetçilik birleşikleri Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, raýat jemgyýetiniň institutlaryny ösdürmek we kämilleşdirmek işine çekilerler, şeýle hem olar Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek boýunça çäreleri, meýilnamalary işläp taýýarlamaga gatnaşarlar.

Şeýlelikde, Ýaşulular maslahatynyň üýtgedilmeginiň maksada laýyklygy mese-mälimdir. Maslahatlar - gadymy döwürlerde türkmenleriň saýlawlylyk ýörelgelerine esaslanan taryhy nukdaýnazardan kemala gelen döwletlilik edarasydyr. Şu nukdaýnazardan alanyňda Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we kämilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde Halk Maslahatynyň häzirki görnüşi halk häkimiýetiniň institutynyň täzeden dowam etmegine ýardam berýär, türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň demokratik tebigatyny ösdürýär we kämilleşdirýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýetini häsiýetlendirmek bilen, «...ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanyp, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy - Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi» diýip belledi. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen häkimiýetiň wekilçilikli edarasynyň aşakdan ýokaryk bütewi ulgamy döredilýär, gutarnykly logiki häsiýete eýe bolan halk wekilçilikli edaralaryň bütewi ulgamy kemala gelýär.

 

Myrat Haitow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň baş hukuk gözegçisi,

Türkmenistanyň at gazanan ýuristi,

hukuk ylymlarynyň doktory,

professor

 

Çeşmeler

 

1.      Türkmenistanyň Konstitusiýasy. - Aşgabat, 1992.

2.      Халк Маслахаты. Материалы исторического меджлиса Халк Маслахаты Туркменистана 14 декабря 1992 г. - Ашхабад, 1993.

3.      Türkmenistanyň Konstitusiýasy. - Aşgabat, 2005, 25 s.

4.      Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2003, № 3, 19 s.

5.      Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler, 2-nji tom. - Aşgabat, 2009, 267 s.

6.      Türkmenistan, 10, 11.10.2017 ý.

7.      Чиркин В. E. Конституционное право зарубежных стран. Учебник. - М., 1997, с. 264-265.

8.      Türkmenistan, 10.10.2017 у.

9.      Хаитов М. О. Новый этап демократизации институтов народной власти. // Нейтральный Туркменистан, 4.11.2017 г.

10.    Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2017, № 4, 131-nji madda.

11.    Şol ýerde, 150-nji madda.

12.    Türkmenistanyň Konstitusiýasy (rejelenen görnüşi). - Aşgabat, 2016.

13.    Türkmenistan, 10.10.2017 ý.

14.    Türkmenistan, 10.10.2017 ý.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.