Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

112 ÝAŞLY ENE

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Burnojar geňeşliginden 112 ýaşly ene Enegyz Aşyrowa ajaýyp döwrümize, eziz Diýarymyzyň barha gözelleşýän görküne, durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli işlere buýsanyp ýaşaýan bagtyýar raýatlaryň biridir. Ol bu gün 6 agtygyna, 13 çowlugyna we 4 ýuwlugyna guwanyp, il-günümizi eşretli durmuşa ýetiren döwlet Baştutanymyza ýürekden alkyş aýdýar. Onuň gymmatly öwüt-ündewleri ýaşlara durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär.

— Häzirki döwrümiziň gadyry, höziri başga. Çagalarymyz gaýgysyz, aladasyz ýaşaýar. Döwletimiz gülläp ösýär. Meniň ýaşlygym kyn döwürde geçdi. Ýaňy durmuş guraýan wagtymyz ýanýoldaşym urşa gitdi, gaýdyp gelmedi. Erkek doganymyň ogluny ogullyk aldym, terbiýeledim. Ol meniň ýeke dikrarym boldy. Köp kynçylyklary başdan geçirdim. Şonuň üçin häzirki bagtyýar döwrümiziň gadyryny bileliň, Gahryman Prezidentimiziň daşyna jem bolup, agzybirlikde zähmet çekeliň. Halkymyzyň hatyrasyna edýän aladalary üçin Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun! — diýip, Enegyz ene ýürek buýsanjyny dile getirýär.

Mährem enäniň kalby ýaşaýşa söýgüden, döwlet Baştutanymyza buýsançdan pürepür. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de welaýatyň Pensiýa gaznasy müdirliginiň wekilleri Enegyz enäni Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de toý sowgatlaryny gowşurdylar.

 

“Türkmenistan” gazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.