2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

“DAÝANÇ” SAGALDYŞ MERKEZINDE

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çäreleri, dabaralary, duşuşyklary giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde geçirilen okuw maslahatyda Täze ýyl baýramyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan okuw-maslahatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtymyz Aşgabat şäherinden dürli kärlerde zähmet çekýän adamlar, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Bäş günläp dowam eden okuw-maslahatynyň ilkinji gününde geçirilen maslahatda tamamlanyp barýan Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynyň uly üstünliklere beslenendigi, üstünden kerwen geçen ýollaryň taryhynyň içgin öwrenilendigi buýsanç bilen bellenildi. Taryhy ýadygärliklerimizi kerwenli ýollarymyzy, kerwensaraýly illerimiziň geçmişini öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynyň ähmiýetiniň uludygy, nygtaldy. «Türkmenistan—rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen Täze ýylyň rysgally-bereketli bolmagy, ata Watanymyzyň uly-uly üstünliklere, ösüşlere, belent sepgitlere ýetmegi arzuw edildi. Soňra «Daýanç» sagaldyş merkeziniň giň meýdançasynda aýdym-sazly çäre boldy. Aýdymçylaryň, tans toparlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlarynda, küştdepdidir gazallarynda Watanymyzyň, Täze ýylyň, eziz Arkadagymyzyň paýhasyndan badalga alýan beýik işleriň waspy joşgunly ýaňlandy.

Okuw-maslahatynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlamaga mümkinçilikler döredildi. Bu ýere ýygnanan jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary her gün säher bilen irki maşklary ýerine ýetirdiler. Gojaman Hazar deňziniň kenarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlara bölünip bäsleşdiler. Nepesiňi durlaýan deňiz kenarynyň jana şypaly arassa howasynda gezelenç etdiler.

«Daýanç» sagaldyş merkeziniň garşysyndaky «Awaza» akwaparkyndaky howuzlar, suw attraksionlary, emeli daglar her bir adamda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Okuw-maslahatynyň soňunda bezemen arçanyň töweregine ýygnanan bagtyýar raýatlar sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanylan aýdym-sazly çykyşlardan ruhy lezzet aldylar. Agzybir halkymyza döredijilikli zähmet bilen medeniýetli dynç alşyň sazlaşygyny döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ösüşlere beslenýän Watanymyzyň has-da gülläp ösmegini arzuw etdiler.

 

Nursoltan DEPBIÝEWA,

«Balkan» gazeti.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.