Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AK ARZUWLAR GANATYNDA GÖTERSIN!

Balkanabat şäherindäki «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly çäre Täze ýyl baýramyna bagyşlandy. «Ak arzuwlar ganatynda götersin!» ady bilen geçirilen çäre edara-kärhanalaryň işgärlerini, mährem eneleri we ýaşlary bir supranyň başynda jemledi. Onda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary bosagamyzda duran Täze ýyl bilen mähirli gutladylar. Tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sene ýazgysyna zer harplar bilen ýazyljakdygy, üstümizdäki ýylda ýurdumyzda şanly wakalaryň ençemesiniň bolup geçendigi, şol wakalaryň oňyn netijeleri barada aýratyn durup geçdiler. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynyň raýatlaryň durmuşa, zähmete bolan höwesini artdyrýandygyny, agzybir halkymyzy täze ýylda öňde duran wezipelere abraý bilen hötde gelip, döredijilikli işlemäge, okamaga ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Ýurdumyzyň ösmegi, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagy, aýratynam ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenen kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Soňra welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy. Olar öz aýdym-sazlarynda, gazallarynda gülläp ösýän ata Watanymyzyň we bagtyýar halkymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň dünýä derejesindäki şan-şöhratly işleriniň waspyny ýetirdiler. Aýazbabadyr Garpamyk bu ýere ýygnananlara Täze ýyl sowgatlaryny paýladylar.

 

Ejeş GUWANJOWA,

 «Balkan» gazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.