2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

Türkmenistanyň Kärdeşler
Arkalaşyklary

ÝATDAN ÇYKMAJAK PURSAT

Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly ýatda galyjy ýakymly pursatlara baý, uly üstünliklere beslenen ýyl bolup, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şu ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň agzybir halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» atly kitaby bilen baglanyşykly dürli çäreler eziz Diýarymyzyň çar künjeklerinde uly şatlyk-şowhuna beslenip, yzygiderli geçirilip duruldy. Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guran «Göreldesi enäniň—el hünäri zenanyň» atly bäsleşigidir. Bu bäsleşige gatnaşyp, onuň döwlet derejesinde geçirilen jemleýji tapgyrynda baş baýraga mynasyp bolmagym geçen ýylda meniň üçin iň bir ýatdan çykmajak ýakymly pursatlaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserine bagyşlanyp geçirilen bäsleşikde ene we enäniň mertebesi hakyndaky aýdylan parasatly sözleri, rowaýatlary gollanma edinip, öz garaýyşlarymy çeper sözüň üsti bilen beýan edip, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirip, olar barada gyzykly gürrüň bermek bilen, bäsdeşlerimden tapawutlanmagy başardym.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Arazgül NAZAROWA,

Esenguly etrap medeniýet bölüminiň ýanyndaky halk teatrynyň režissýory.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.