2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

AÝAZBABALARYŇ WE GARPAMYKLARYŇ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Golaýda 2019-njy ýylda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary ruhubelentlikde geçirmek üçin zehinli Aýazbabalary we Garpamyklary saýlap almak maksady bilen Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde yglan eden Aýazbabalaryň we Garpamyklaryň döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige etraplardan, Daşoguz şäherinden medeniýet we sungat işgärleriniň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň, talyplarynyň, teatr artistleriniň 200-e golaýy gatnaşyp, 9 toparda çykyş etdiler. Bäsleşige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerini, gazanylýan ösüşleri, bagtly çagalygy, Gahryman Arkadagymyzy, ata Watanymyzy wasp edip ýürek buýsançlaryny çeper söz, goşgy bilen beýan etmek, Täze ýyl baýramçylygyna degişli şowhunly degişme sahnasyny ýerine ýetirmek, arçanyň daşynda baýramçylygy alyp barmak ukybyny, Täze ýyl gutlaglaryny, tanslary ýerine ýetirmek ussatlyklaryny görkezmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň baş baýragyna S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň topary mynasyp boldy.

Bäsleşige gatnaşan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Mämmetdurdy MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.