Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE ÖSÜŞLERIŇ ÝOLUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary we Zenanlar birleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda ýeten şöhratly ösüşleri we ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly beýik özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary we Zenanlar birleşigi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda esasy maksatnamalary amala aşyrmak, halkara guramalary bilen ýakyndan iş alyp barmak, raýatlaryň hukuklaryny goramak, nika we maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmak, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek babatda dürli çäreleri geçirýärler. Ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini kämilleşdirmek hem-de watançylyk duýgularyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, gelin-gyzlaryň arasynda halkymyzyň milli däp-dessurlaryny wagyz etmek, ýaşlarda ene-mamalarymyzyň gadymdan gelýän asylly häsiýetlerini, zähmetsöýerligi, merdanalygy, ene-ata, Watana, maşgala ojagyna wepalylygy, aýal maşgala mahsus bolan salyhatlylyk, edeplilik, lebzihalallyk ýaly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek boýunça wagyz-nesihat işlerini yzygider guraýarlar. Bu işlerde Arkadag Prezidentimiziň çuň manyly kitaplary aýratyn orny eýeleýär. Bu kitaplaryň halk köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyna olar bilen geçirilýän duşuşyklarda doly göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hünärmenleri welaýatlarda, etraplarda we ýerlerde tertipnamalaýyn wezipeleriň dürs ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek maksady bilen, işleri ýerinde öwrenip, degerli maslahatlary we kömekleri berýärler. Bu işler üçin ýörite taýýarlanan meýilnamalar boýunça uly göwrümli okuw maslahatlary her welaýatyň çäginde geçirilip, tejribe alyşmaga, täze kanunçylyk namalaryny öwrenmäge we özleşdirmäge oňaýly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek, ilkinji guramalaryna we çäk birleşmelerine guramaçylyk taýdan usuly kömek bermek we täsirli wagyz-nesihat çärelerini geçirmek maksady bilen gulluk iş saparlary guralýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ösüşlerini giňişleýin beýan edýän döredijilik bäsleşiklerinde, sport çärelerinde hem-de zähmetde tapawutlanan agzalary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary bilen sylaglamak indi asylly däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda zenan mertebesine uly hormat goýýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri durmuşa geçirmekde öz goşandyny goşýar. Üstümizdäki ýylda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde «Kärdeşler arkalaşyklary we«ýaşyl» iş orunlary» atly halkara forumyna, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen Halkara Zähmet Konferensiýasynyň (HZK) 107-nji mejlisine, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Hereketleriň strategiýasy we güýçli durmuş syýasaty: Halkara praktikasy we Özbegistanyň tejribesi» atly Halkara konferensiýasyna, Azerbaýjan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Baku şäherinde geçirilen «Durnukly ösüş maksatlaryna tarap, durnukly ösüşleriniň we mynasyp zähmetiň öňe gidişi» atly Halkara maslahatyna, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Owganystanda zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi» atly sebitleýin maslahatyna, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen «Zenanlaryň ikinji Ýewraziýa forumyna», «Syýasat herekete geçmek: Merkezi Aziýada aýallar we gyzlar babatdaky zorlugy aýyrmak» atly sebitleýin maslahata gatnaşyldy.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen medeni-köpçülikleýin çäreler many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlandy. «Häzirki zaman türkmen edebi diliniň ösüş ugurlary» atly seminar-maslahat, Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň tanymal medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda, «Bagtyýar biz Arkadagly Diýarda!» atly baýramçylyk duşuşygy, «Zeminiň görki siz, bagtyýar zenanlar» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat, «Hormatly Prezidentimiziň beýik özgertmeler ýoly — zenanlaryň ýörelgesi» atly da¬baraly maslahat, Milli Bahar baýramy mynasybetli «Bahar geldi, Arkadagly Diýara!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy täsirliligi bilen ýatda galdy. «Ylym beýik ösüşleriň badalgasy», «Gahryman ogly dünýä inderen Ogulabat ejä tagzym», «Ýörän ýoly ýörelge, eden işi ugruna» atly maslahatlar, «Görnükli alym zenan», «Beýik Ýüpek ýoly — ajaýyp zähmet ýoly» atly bäsleşikleri dost-doganlyk gatnaşyklary jebisleşdirdi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli sport oýunlarynyň XIX tapgyry, soňky wagtlarda has-da ýygjamlaşýan we ýokary ruhubelentlik derejesinde guralýan welosipedli ýörişler, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça 1 — 30-njy sentýabr aralygynda geçirilýän çäreler sportuň dürli görnüşleriniň halkymyzyň gündelik durmuşyna ornaşýandygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan joşup çykan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşige hem-de «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr», «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň», «Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşiklere ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň müňlerçesi gatnaşdy. Aýratynda «Zeminiň görki — zenan», çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda «Gülüň owadan» atly keçe bäsleşigi we sergisi, «Ýylyň zenany» bäsleşikleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2018» atly gözellik bäsleşigi ýokary guramaçylyk häsiýetine eýe boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi hormatly Prezidentimiziň teşne kalplara serpaý eden ajaýyp kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny giňden guraýarlar. Tanyşdyrylyş dabaralarynda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary barada giňişleýin söhbet edilmegi ýaşlaryň watansöýüjiligine, zähmete, milli gymmatlyklarymyza hormatynyň artmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgeleri, zyýanly endiklerden daşda durmak, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça wagyz-nesihat we öňüni alyş çäreleri oňyn netijesini berýär.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde çagalaryň göwnejaý dynç almagy we wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli tagallalar edildi.

Şu üstünliklere beslenen 2018-nji ýylda, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylmagy aýratyn taryhy wakadyr. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän döwründe bu wakalar çuň mana eýedir. Çünki bu taryhy wakalar döwrüň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen halkara çäreleri gurşap aldy.

Ýurdumyz indi halkara sport baýramçylyklarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Muňa «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi hem doly şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi hem ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Bu sport baýramçylygyna hut Gahryman Arkadagymyzyň özüniň gatnaşmagy hem-de onda ýokary netijeleri görkezmegi milli türgenlerimizde, şeýle-de daşary ýurtly sport janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi. Halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny jebisleşdiren şol günlerde Garagum sährasynyň ajaýyp keşbi myhmanlara gujak açdy.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň öňe süren teklibini makullamagy bilen, 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýar. Munuň özi biziň ählimizi uly jogapkärçilige atarýar.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly 2019-njy ýyl hem adyndan belli bolşy ýaly, ata Watanymyzyň durmuşynda rowaçlyklaryň ýyly bolar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2019-njy ýylyň täze-täze üstünliklere, ösüşlere, özgerişlere beslenjekdigine biz tüýs ýürekden ynanýarys. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gün-günden gül açýan, özgerýän günleriniň geljekki üstünliklerimiz bilen täze keşbe eýe boljakdygyny äşgär edýär. Biz mähriban Prezidentimiziň daşyna öňküden-de berk jebisleşip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys.

Ajaýyp zamanamyzda döredijilikli, päk zähmet çekýän, gurýan, döredýän we giň gerimli özgertmeleri egin-egne berip durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň agzybir agzalary Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmäge hem-de ilatyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen içeri we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny doly goldaýarlar. Biz geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Maksatnamasynda öz beýanyny tapan Türkmenistany senagat, innowasiýa taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak barada beýik maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekeris.

Gahryman Arkadagymyzy hem-de bütin halkymyzy ýetip gelýän täze—2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly ýylda her bir maşgala bagt, rowaçlyklar ýaran bolsun!

Bizi eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Gurbangül BAÝRAMOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy,

Türkmenistanyň Zenanlar  birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.