2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

TOÝLAR TUTÝARYS TÄZE ÝYLYŇ ŞANYNA

Şu günler welaýatymyzda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şatlykly dabaralar giňden ýaýbaňlanýar.

“Hoş geldiň Täze ýyl,eziz ülkäme” ady bilen ýaňy-ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, Daşoguz şäher merkezi medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly çäre geçirildi. Daşoguz şäherindäki “Galkynyş” toý mekanynda guralan çärä dürli pudaklarda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Dabarada aýdym-sazly çykyşlaryň şowhunly tanslar bilen utgaşykly ýerine ýetirilmegi göwünleri göge göterdi.

 

“Daşoguz habarlary” gazeti




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.