Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

YNSANPERWER ÝÖRELGÄNIŇ BAÝRAMÇYLYK BEÝANY

Häzirki günlerde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen buýsançly şygara eýe bolan ýetip gelýän 2019-njy ýyly şatlykly garşylamaga gönükdirilen baý- ramçylyk dabaralary ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Welaýat merkezinden başlap şäherlerdir obalaryň ählisinde bu şagalaňly baýramyň şowhuny barha joş alýar. Kiçijik çagalardan tä ýaşuly adamlara çenli şeýle göwün göteriji pursatlardan ruhy lezzet alýarlar. Guralýan dabaralar, şatlyk-şowhunly çäreler bolsa, göwünleri galkyndyrýar, uly üstünliklere beslenip, kerwen gurap gelýän her bir ýylyň many-mazmunyny artdyrýar. Ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelýän ýaşululary sylamak, olaryň durmuş tejribesine daýanmak, göreldesine eýermek, hormat-sarpasyny belent tutmak ýaly asylly ýörelgeler zamanabap röwüşde dowam etdirilýär. Bu häzirki Täze ýyl baýramçylygynyň ýakymly pursatlarynda has aýdyň ýüze çykýar.

Şu mynasybetli golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Daşoguz şäher häkimliginiň wekilleri uzak ýaşly raýatlaryň, uruş weteranlarynyň, köp çagaly eneleriň baýramçylyk mynasybetli döwletli ojaklaryna baryp gutladylar hem-de sowgatlary gowşurdylar. Döwletli ojaklaryň töründe naz-nygmatlar bilen giňden ýazylan saçaklaryň başynda söhbetler guralyp, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, mähriban çagalar bagtyýar ýaşaýyş-durmuş, hormatly Prezidentimiziň gazanyp beren we rowaçlyklara besleýän ajaýyp döwür-döwrany barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. özleri hakda yzygider alada edýän, uzakdan-uzak ömür sürmäge mümkinçilik berýän, gadyr-gymmata beslenen durmuşda ýaşadýan Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ynsanperwerlikli ýörelgelere ýugrulan bu dabaralar baýramçylyk günlerinde ak alkyşlar bolup, ýeneki ýyllaryň uly tutumlara we rowaçlyklara beslenmeginiň ajaýyp arzuwyna ýugruldy hem-de şatlykly pursatlaryň üstüni ýetirdi.

 

***

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliginiň, etrabyň pensiýa gaznasy bölüminiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem etrabyň geňeşliklerinde ýaşaýan ýüz we ondan-da köp ýaşan raýatlaryň maşgalalaryna baryp, olaryň hal-ahwallary, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan tanyş boldular. Olary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutladylar. Etrap hassahanasynyň, oba saglyk öýleriniň maşgala lukmanlary uzak ýaşly raýatlaryň öýlerine baryp, nobatdaky gezek olaryň saglyk ýagdaýlaryny gözden geçirdiler. Soňra olara TKA-nyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap birleşmesi tarapyndan ýörite taýýarlanan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Etrabyň uzak ýaşly perişdepisint ak saçly gojalarydyr mährem eneleri özleri hakynda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-günümiz üçin edýän beýik işleri üçin ýalkanyp, halkymyzyň arasynda uzak ömür sürmegini dileg etdiler.

 

“Daşoguz habarlary” gazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.