Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BIR ASYRYŇ ŞAÝATLARY

100 WE ŞONDAN HEM KÄN ÝAŞAN ILDEŞLERIMIZE TÄZE ÝYL MYNASYBETLI SOWGATLAR GOWŞURYLDY.

 

Täze ýyl — hemmeleriň  baýramу. Bu nurana baýram ýaşyna garamazdan, her kimde ýakymly duýgulary döredýär. Ýöne, pikir edip görüň, 100-nji, belki-de, 106-njy Täze ýylyňy garşylamak nähili ýakymly duýgy! Onda-da ep-esli agtyklar, çowluklar, ýuwluklar , bilen bile.Ynsanyň ortaça ýaşynyň barha uzaýan döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uzak ýaşly watandaşlarymyza aýratyn hormat goýulýar. Täze ýyl baýramynyň bosagasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenabat şäheriniň ýalňyz gartaşan raýatlara we maýyplara durmuş taýdan hyzmat ediş merkeziniň, Döwlet pensiýa gaznasynyň welaýatymyzdaky edarasynyň we žurnalistleriň ýörite topary etraplarda bolup, 100 we şondan hem kän ýaşan raýatlarymyza hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.

Häzirki wagtda welaýatymyzda Täze ýyllaryň 100-sini, 100-den hem gowragyny garşylan bagtyýar raýatlarymyzyň 10-sy bar. Olar Köýtendag etrabyndan Bibiaýşa Ýusubowa, Rabiýa Haitowa, Meýrem Törenowa, Çärjew etrabyndan Hanipa Rahmedowa, Jumagül Beşimowa, Meherrem Hemraýewa, Döwletli etrabyndan Aýbibi Resulowa, Saýat etrabyndan Gyzlargül Nuryýewa, Dänew etrabyndan Mahymgül Öwezmyrat gyzy we Halaç etrabyndan Aý Çaryýewa dagydyr. Bir asyryň şaýatlary bolan mähriban enelerimize ýörite topar ter gül desselerini hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk  sowgatlaryny gowşurdy.

...Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Täze ýurt obasynda ýaşaýan Mahymgül enäniň maşgalasyna Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleriniň, etrap häkimliginiň we pensiýa gaznasynyň wekilleri bilen bile bardyk. Şu ýylyň 11-nji oktýabrynda 100 ýaşy arka atan nurana ene şeýle gürrüň berdi:

 

— Ykbalyň emri bilen bize ýat illeriň duzuny datmak nesip eden bolsa-da, ýene-de ata Watanymyza dolanyp gelmek bagty alnymyzda bar eken. Maşgalamyz 1937-nji ýylda döwrüň galagoply ýagdaýlary sebäpli Owganystana geçende, men heniz 20 hem ýaşamadyk ulugyzdym. Häzirki Halaç etrabynyň Garabekewül şäheriniň golaýlarynda bir ýerde ýaşaýardyk. Şondan tä ýetmişinji ýyllara çenli Owganystanda ýaşadyk. Soňra 1994-nji ýyla çenli Eýranda ýaşamaly bolduk. Nirede ýaşasagam, mähriban türkmen topragymyz aňymyzdan çykmaýardy. Oňa gaýdyp gelmek arzuwymyz 1994-nji ýylda amala aşdy. Şol ýyldan bäri hem şu ýerde bagtyýar ýaşaýarys. Arkadag Ogul sag bolsun! Döwletli döwranymyz, bolelin ýaşaýşymyz bar. Täze ýylyň bosagasynda biz ýaly uzak ýaşlylary ýene bir ýola ýatlandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirýärin. Goý, Ýurtbaştutanymyzyň jany sag, başy mydama dik bolsun!

 

Galagoply ýyllarda ösdürip, kemala getiren iki perzendinden köpelip, örňän Mahymgül enäniň bu gün 12 agtygy, 4 çowlugy bar. Aslynda, bu obanyň ýaşaýjylarynyň agramly bölegi Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ata Watana dolanan daşary ýurtda ýaşan türkmenler. Obanyň Täze ýurt ady hem şondan galypdyr. Oba Milli maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde döwrebap mekdep bilen çagalar bagy hem gurlup berlipdir. Mahymgül enäniň agtyklarynyň biri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, öýlerine edil goňşy bolup oturan etrapdaky 23-nji orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Beýleki agtyk-çowluklary hem ekerançylyk, telekeçilik bilen meşgullanýarlar.

 

Saýat etrabynyň Sakar şäherinde ýaşaýan Gyzlargül Nuryýewa hem Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda 100 ýaşy arka atan bagtyýar enelerimiziň biri. Ýene-de sanlyja günlerden ýaşynyň ikinji asyryna gadam basjak enäniň heniz-henizler hem daýaw göwresi, pert-pert gürleýşi ýaşaýşa söýgüsini mesaňa görkezip dur. Kalbyndaky şatlygyny bolsa ol, ine, şu sözler bilen beýan etdi:

 

— Ýoldaşym, uruş weterany Jora Nuryýew bilen dokuz perzendi — dokuz gyzy kemala getirdik. Hudaýa şükür, bu gün 30-a golaý agtygym, kyrkdan gowrak ýuwlugym bar. Ählisi hem ajaýyp zamananyň hözirini görüp ýaşaýar, okaýar, işleýär. Ene ýüregimden hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýdýaryn! Milli Liderimiz — Gahryman Arkadagymyz bize ikinji ýaşlygy bagyş etdi. Bu ajaýyp zamanada ýaşasaň ýaşasyň, söýseň söýesiň gelýär.

 

Çärjew etrabynyň Nobat Gutlyýew adyndaky geňeşliginde ýaşaýan Meherrem Hemraýewa şu ýylyň 1-nji iýulynda 102 ýaşyny doldurdy. Ol ömrüniň ikinji asyryndan hem iki ýyly arka atan mähriban ene. Bu gün ençeme agtyk-çowlugyň enesi bolan mähriban zenanyň ýürek buýsanjy hem hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş, ajaýyp döwrümize guwanç bolup ýaňlanýar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleriniň wekilleri bilen mähriban enäni Täze ýyl baýramy bilen gutlamaga baranymyzda, onuň buýsançly gürrüňlerini diňledik. Elbetde, onuň ýaşyny, ruhubelentligini, döwletliligini ýüzümize-de syldyk.

Ýaşulular — edep mekdebimiz, başymyzyň täji! Olara bolan belent sarpamyz bolsa hem özümize, hem geljegimize goýýan hormatymyzdan nyşandyr.

 

Agageldi ITALMAZOW,

“Türkmen gündogary” gazeti

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.