2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ARKADAGY ALKYŞLAÝAR ENELER

Her bir güni toý-baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda bagtyýar halkymyz parahat, ak säherlerde lowurdap asmana galýan nurly Güni alnyna sylýar. Ajaýyp günleriň hözirini görýän adamlar ir bilen işe ýetmäge howlugýarlar, körpelerimiz ak mekdeplere, çagalar baglaryna arkaýyn gidýärler, bilim-terbiýe alýarlar, erkana ösüp-ulalýarlar. Ata Watanymyzda eşretli günleriň hözirini görýän adamlaryň ýaşy-da uzaýar. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň asyr bilen ýaşytdaşlarynyň sany gitdigiçe artýar.

Täze ýyl baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň uzak ýaşly eneleriň, ýaşulularyň öýlerine baryp, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmaklary eziz Arkadagymyz tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalan mähriban käbelerimiziň we kyblalarymyzyň hem-de olaryň maşgalalarynyň begenjini artdyrdy. Şolaryň hatarynda Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, 106 ýaşly ene Annabagt Annalyýewa hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Il-günüň alkyşyna, hormatyna mynasyp bolup oturan mähriban ene uzak ýaşly enelere goýýan hormat-sarpasy üçin mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýar.

 

Ejeş GUWANJOWA,

“Balkan” gazeti

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.