2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

AK ARZUWLARYŇ ALKYŞLARDAKY BEÝANY

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Täze ýyla bagyşlanan dabaralar ýokary ruhubelentlik bilen, şatlyk-şowhuna beslenip bellenip geçilýär. Şu günler arzyly baýram mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar giň gerime eýe bolýar.

Golaýda şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Onda welaýatymyzyň şäherlerinden we etraplaryndan gelen Aýazbabalardyr Garpamyklar bäsleşdiler. Bäsleşikde olaryň Täze ýyl baýramyny has şowhunly geçirmek boýunça başarnyklaryna, şeýle hem guralan çärede Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlarynyň dilewarlygyna, ugurtapyjylygyna hem aýratyn üns berildi. Öwşün atyp duran owadan bezelen ýaşyl arçanyň daşynda şäherdir etraplardan gelen Aýazbabalardyr Garpamyklar ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bilen bilelikde türkmen halk ertekileri esasynda sahna oýunlaryny goýdular.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijelerine görä ýeňijiler yglan edildi. S.A.Nyýazow adyndaky etrapdan gelen Aýazbabadyr Garpamyk baş baýraga mynasyp boldular. Ikinji orny Daşoguz şäherinden, Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe etraplaryndan, üçünji orny bolsa Boldumsaz, Köneürgenç etraplaryndan gelen Aýazbabadyr Garpamyklar eýelediler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

***

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de talyp ýaşlar, halk köpçüligi uly höwes bilen gatnaşdylar. Dürli oýnawaçlardyr zerjagazlar bilen bezelen belent başly arçanyň töwereginde ýaňlanan aýdym-sazlar ussatlyk bilen ýerine ýetirilen tanslar bilen utgaşyp gitdi. Onda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçylarynyň hem-de Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň şirin owaz bilen ýerine ýetiren aýdymlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Şeýle hem welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» hem-de Gurbansoltan eje adyndaky, Gubadag etrap medeniýet merkezleriniň aýdymçylarynyň we folklor, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny artdyrdy.

 

***

Daşoguz şäherindäki «Gözel» toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, welaýat Dermanhana müdirliginiň, şeýle hem welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar.

Şanly wakalara baý bolan üstümizdäki ýylda zähmetde tapawutlanan öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärlerine sowgatlar gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda welaýatyň aýdym-saz we tans toparlarynyň bagşy-sazandalarynyň, tansçy oglan-gyzlarynyň çykyşlary has hem göwün göteriji boldy. Dürli öwüşginler bilen bezelen Täze ýyl arçasynyň döwresinde Aýazbabanyň we Garpamygyň peýda bolmagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has hem artdyrdy. Aýazbaba bilen Garpamyk bu ýere ýygnananlaryň ählisini ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Täze ýylyň halkymyzyň durmuşynda şanly ýyllaryň biri bolmagyny, ýurdumyzyň raýatlarynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda dynuwsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, dünýä ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Täze ýyl baýramçylygynyň toý şowhuny oňa gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Täze ýyl mynasybetli aýdym-sazly dabaralar welaýatymyzyň ähli ýerlerinde hem şatlyk-şagalaňly dowam edýär.

 

“Daşoguz habarlary” gazeti

 




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.