2019-njy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly

ZENAN MERTEBESI DÖWLET SYÝASATYNDA

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby türkmen zenanlarynyň mertebesini has-da beýgelden, örän çeper hem tolgundyryjy durmuş wakalary be- ýan edilip ýazylan ajaýyp publisistik eserdir. Bu kitapda durmuşyň hakyky keşbi bar. Halkymy zyň ruhy durmuşynda zenanyň, enäniň mukaddes orny baradaky dana pikirler bar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşinde mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentligini has çuňdan açyp görkezýän wagyz işlerini alyp barmakda täze badalga boldy.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenan­lar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurbangül Baýramowa bilen guralan şu söhbetdeşlikde zenan hem jemgyýet, zenanlar hem döwlet durmuşy, ene hem perzent gatnaşyklary hakda gürrüň gozgalýar.

 

— Gurbangül Geldiýewna, biz size ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçysy hem-de türkmen zenany, ene hökmünde ýüzlenmek isleýäris. Eýsem, size hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym mukaddeslige tagzym» atly kitaby nähili täsir etdi?

— Mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukad­deslige tagzym» atly kitabyny okanyňda ene, perzent hakda täze bir oý-pikirleriň ummanyna çümýärsiň. Çaga körpelikden başlap, kämillige ýetýänçä, özbaşdak durmuşa başlaýança maşgala, ene-ata bilen berk baglanyşykda bolýar. Soň özi ene-ata bolan perzentler üçin durmuşyň täze ýollary, ömürleriniň täze sahypalary açylýar. Adamyň ömür ýoly uzap gitdigiçe, çagalykdaky täsirler könelişip, ýatlamalar öçügsilenip galaýjak ýaly. Emma hormatly Prezidentimiziň öz mähriban käbesi Ogulabat eje hakdaky çuňňur perzentlik duýgusy bilen ýazylan, çagalykda ýadynda galan ýatlamalaryny okanyňda, perzent bilen enäniň arasyndaky örän inçe, ýiti duýgynyň ömürboýy şugla saçyp durýandygyna has oňat düşünýärsiň.

Enäniň mähri, söýgüsi, aladasy çaga güýçli täsir edip, ömürlik onuň kalbyndan çykmaýar. Ene hemişe perzendi üçin özüni oda-suwa urmaga taýýar. Ene terbiýesi diňe öwüt-ündew bermek bilen çäklenmeýär, ol has ýiti duýga, mähir akabasyna ýugrulan uç-gyraksyz ummana çalymdaş bolup görünýär. Hormatly Prezidentimiz ene mährini kalbynda göterýän kämil perzendiň beýik söýgüsi bilen ähli enelere hormatyny beýan edip, şeýle diýýär: «Meniň üçin häzirem: «Ejemiň ýagdaýy nähilikä? Men onuň üçin edip biljek ähli zatlarymy etdimmikäm?» diýen sowallar ilkinji orunda durýar diýsem, ýalňyşmaryn. Eger-de käbämiň göwnüne laýyk işi eden bolsam, bu işiň iliň, mähriban ildeşlerimiň hem göwnüne laýyk geljekdigini bilýärin».

— Enä bolan çäksiz hormat-sarpanyň il-gün hakdaky alada utgaşyp gitmeginde-de çuňňur many bar. Beýiklik enäniň kalbyndan perzende geçende, ol döwürlere, taryha dereje berýän uly ykbala öwrülýän bolmaly. Siz şuňa nähili garaýarsyňyz?

—      Bu barada hormatly Prezidentimiziň özi örän parasatly belläp geçip, şeýle diýýär: «Dünýäniň iň meşhur adamlarynyň bu mähribanlar hakyndaky ýazanlaryny okap görýärin. Şonda hem «Ene — beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýen netijä gelýärin».

Beýiklik hakynda aýdanymyzda, onuň ölçegleriniň il-gün adamzat, döwür, taryh üçin bitirilýän aýratyn, ägirt uly ähmiýetli işler bilen baglydygy ykrar edilen hakykat bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkynyň bagtyýarlygy, goňşy halklaryň abadançylygy, dünýäniň parahatçylykly ösüşine goşant goşmak ugrunda alyp barýan taryhy ähmiýetli işleri döw- rüň, halkyň öňe çykarýan beýik şahsyýetine başardýan beýiklik dälmi näme?

Milli Liderimiziň tagallasy bilen we bize döredip beren ajaýyp şertleri netijesinde daşary ýurtlarda bolup, zenanlar bilen baglanyşykly halkara duşuşyklara, maslahatlara gatnaşmak miýesser edýär. Şonda köp ýerlerde zenanlaryň raýatlyk, syýasy, durmuş hukuklaryny üpjün etmekde çözülmeli meseleleriň az däldigi ünsüňi çekýär. Bizde bolsa hormatly Prezidentimiziň giň goldanma eýe bolan gender syýasatyny, zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek, eneligi we çagalygy goramak, maşgalany durmuş taýdan goldamak barada halkara jemgyýetçiligine ýetirilmeli maglumatlar örän köp. Milli çäkde-de, halkara derejesinde-de türkmen zenanlarynyň syýasy, hukuk, durmuş taýdan goraglylygy örän ýokary. Bir tarapdan munuň özi dünýä derejeli döwlet Baştutanynyň adalatly syýasatynyň netijesi bolsa, ikinji bir tarapdan, ene mukaddesligine ýürekden uýýan belent Şahsyýetiň ynsanperwerlik ýoludyr.

—      Gurbangül Geldiýewna, zenanlaryň hukuklary, gender syýasaty barada halkara hyzmatdaşlygyny anyk mysallar arkaly gürrüň berseňiz has gyzykly bolardy.

—      Haýsy bir daşary döwletde, halkara guramasynda bolup, zenanlar bilen bagly ählumumy, sebitleýin, döwletara derejesinde islendik mesele hakda pikir alşan halatymyzda, türkmen eneleriniň, gelin-gyzlarynyň, umuman, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary şertlerine, döwletimiziň durmuş syýasatynyň oňyn netijelerine ýene bir ýola çuňňur göz ýetirmek bolýar. Aýallar baradaky döwlet syýasatynda maşgala ojagynyň maddy şertlerini, üpjünçiligini ýyl-ýyldan ýokarlandyrmakdan başlap, zenanlaryň halkara hukugynda ykrar edilen azatlyklarynyň, raýatlyk hukuklarynyň berjaý edilmegine çenli ähli ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Şoňa görä-de, zenanlar meselesi boýunça hal-kara hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň bu ugurdaky üstünliklerini we tejribesini dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler bar.

Bize Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekili hökmünde «BMG — Zenanlar» düzüminiň 62-nji mejlisine (2018-nji ýylyň mart aýy, Nýu-Ýork şäheri), «Gender deňligi we zenanlaryň ygtyýarlygyny artdyrmakda parlamentiň işi» atly sebitleýin maslahatyna (2017-nji ýylyň oktýabr aýy, Moldowa Respublikasynyň Kişinýow şäheri), Bütindünýä Zenanlar Assambleýasyna (2017-nji ýylyň noýabr aýy, Tokio şäheri), Zenanlaryň ikinji Ýewraziýa forumyna (2018-nji ýylyň sentýabr aýy, Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheri), «Owganystanda zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi» atly sebitleýin maslahatyna (2018-nji ýylyň sentýabr aýy, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäheri) gatnaşmak miýesser etdi. Şonda biz ýurdumyzda aýallar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikleri hakda buýsanç bilen gürrüň berdik.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi eneleriň, aýal-gyzlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine ýardam bermekde giň gerimli işleri alyp barýar. Jemgyýetçilik aňynyň gender deňligine bolan garaýyşlarynyň has çuňlaşmagyna ýardam bermek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi BMG-niň «BMG — Zenanlar» düzüminiň Merkezi Aziýa boýunça bölümi bilen bilelikde zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini ösdürmeklige gönükdirilen çäreleri yzygiderli guraýar. Zenanlar birleşiginiň gender deňligi we zenanlaryň ygtyýarlyklaryny artdyrmak boýunça «BMG — Zenanlar» düzüminiň wekilleri bilen guran duşuşyklary has-da täsirli boldy. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý Zenanlar federasiýasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda hem birek-birek bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döredi.

Halkara hyzmatdaşlygyny netijeli alyp barmakda Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň hem-de 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Zenanlaryň hukuk ýagdaýy baradaky Komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy, köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi we beýleki hyzmatdaşlyk çäreleri oňaýly täsir edýär.

—      Gürrüňimizi mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan başladyk. Siz ýurdumyzyň zenanlary, eneleri, gelin-gyzlary bilen ýakyndan iş salyşýan, olar bilen has ýygy gatnaşykda bolup, köp duşuşýan ýolbaşçy hökmünde türkmen zenanyna mahsus häsiýetler hakynda nämeleri aýdyp bilersiňiz?

—      Elbetde, halk diýen düşünje bitewi bolsa-da, ol köp häsiýetli, dürli garaýyşly millionlarça şahsyýetlerden ybarat. Umuman, türkmen zenanyny häsiýetlendirmeli bolsa, olaryň gaýratlylygyny ilki bilen aýdyp bolar. Maşgalanyň daşynyň galasy erkek adam bolsa-da, ojagyň daýanjy zenanlar. Maşgalanyň abadançylygy, üpjünçiligi, öý-ojagyň berkligi üçin olaryň ýadaman-ýorulman, ejizlemän, hemişe alada edişleri, tutanýerliligi, sabyr-takatlylygy, käbir halatda juda giňligi, geçirimliligi haýran galdyrýar. Biziň zenanlarymyzyň ýene bir ajaýyp häsiýeti — ruhubelentlik. Çeper elleri bilen durmuşy gözellige besleýän zenanlarymyzyň bar ýerinde hemişe şadyýanlyk, gülki-şatlyk. Durmuşda-da, döwlet derejeli tutumly çärelerde-de aýallarymyzyň aýratyn orny bar. Olarda özgertmäge, döretmäge uly höwes, hyjuw bar.

Gahryman Arkadagymyzyň kalbyndan syzylyp çykan şu sözler ähli eneleriň, zenanlaryň şanyna aýdylan sena bolup ýaňlanýar: «Ene hakyndaky müdimi sena çalymdaş şygyr se- tirlerinde aýdylyşy ýaly «Dünýäniň bar görki enedir, ene!» Dünýäniň görki, örki, durky — bularyň barysy — ENE!

Goý, dünýä ýaraşyk berýän mähribanlaryň bahar ýaly owadan nurana keşbi hiç haçan solmasyn! Olara diňe bagt hem-de mähribanlyk ýaran bolsun!»

—      Gurbangül Geldiýewna, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size jan saglygyny we işiňizde üstünlikleri arzuw edýäris!

—      Sag boluň! Size-de alyp barýan işleriňizde üstünlikler hemra bolsun!

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Amanbibi MUHAMMEDOWA, žurnalist.




You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.